Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Günbatar gyrgynçylyklaryň öňünde kör we ker” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Gazada edýän gyrgynçylyklarynyň günbataryň hem hakyky ýüzüni görkezendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Günbatar ýurtlary Ysraýyla has köp çaga öldürmegi üçin şertsiz goldaw berýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Netanýahu Miloşewiç ýaly jenaýat işine çekilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Gazanyň gassaby Ysraýylyň Premýer-ministri Binýamin Netanýahunyň harby jenaýatkär bolmagyň ýanynda Srebrenisa genosidini etmekde günäkärlenen Serbiýanyň ozalky prezidenti Slobodan Miloşewiç ýaly jenaýat işine çekiljekdigini aýdandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe Ysraýyla duýduryş berdi” söz başyly habarynda, türk howpsuzlyk çeşmeleriniň Ysraýylyň Hamasyň Türkiýe bilen bilelikde Palestinanyň daşynda ýaşaýan agzalaryny nyşana aljakdygy hakynda halkara metbugat organlarynda çykan habarlara je ysraýylly resmileriň bu barasyndaky beýanatyna esaslanyp, degişli taraplara duýduryşlaryň berilendigini, ýerliksiz çemeleşmeleriň agyr netijeleriniň boljakdygyna üns çekilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “4 türk firmasy sanawa goşuldy” söz başyly habarynda, Halkara Stokgolm parahatçylyk institutynyň goranyş senagatyndaky ilkinji 100 firmanyň sanawyna 4 türk firmasynyň goşulandygyny ýazýar. Sanawda “Aselsan” 60, “Baýkar” 76, Türk awiasiýa we kosmos senagaty” 83 we “Roketsan” 100-nji orunda durýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Stambul howa menziliniň hyzmatdaşlyk etjek 100-nji howaýollary kompaniýasy “Air Çaýna” söz başyly habarynda, Taýlandyň howaýollary kompaniýasy “Tai Airwaýsyň” uçuşlara başlamagyndan soň 99-nji awiakompaniýanyň uçarlaryny kabul edýän Stambul howa menziline howaýollary kompaniýalarynyň gyzyklanmasynyň artýandygyny mälim edýär.

Howa menzilinden uçjak 100-nji kompaniýa Hytaýyň “Air Çaýna” firmasy boldy. “Air Çaýna” ilkinji tapgyrda Pekinden Stambula ikitaraply saparlar gurar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Netanýahu Her Damja Ganyň Hasabyny Berer
Gazada 7-nji Oktýabrdan Bäri Adamzat Taryhyň Iň Pajygaly Gyrgynçylygy Başdan Geçirilýär
Ispaniýa, Malta, Irlandiýa we Sloweniýa Palestinany Ykrar Eder
Ysraýyl Rafahda Gyrgynçylyk Etmage Taýýarlyk Görýär
Hamas: "Gepleşikler tamamlandy" diýdi