Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Ministr Fidanyň beýannamasy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn Gyrgyzstanyň Daşary işler ministri Jeenbek Kulubaýew bilen duşuşandygyny ýazýar. Duşuşykda, özara gatnaşyklar bilen birlikde sebitara we halkara meseleler ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Daşary işler ministri Fidan duşuşykdan soň gyrgyz kärdeşi bilen metbugata beren beýannamasynda, Günbatarly ýurtlaryň Gazadaky gyrgynçylyga goldaw bermeginiň dünýäniň howpsuzlygyna wehim salýandygyny aýtdy.

“Sabah” gazeti, “Içeri işler ministri Ýerlikaýa: Soňky terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirilýänçä terrora garşy göreş dowam eder” söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Ali Ýerlikaýanyň, düýn terrora garşy göreş hakynda möhüm ýüzlenme berip, “Terroyň ýurdumyzda iş alyp barmagy mümkin däl.

Döwletimiz halkymyz bilen birlikde terrora garşy tutanýerli tutum alyp barýar.Soňky terrorçy ýok edilýänçä terrora garşy egilşiksiz göreş dowam eder” diýendigine ünsi çekýär.

“Haber Türk” gazeti, “Antalýa gelen syýahatçylaryň sany 16 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, Antalýa 2023-nji ýylda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň 16 million 84 müň 737 adama ýetendigini habar berýär.

“Watan” gazeti, “Türkiýeden 2023-nji ýylda 408 million dollarlyk kak erik eksport edildi” söz başyly habarynda, Türkiýeden 2023-nji ýylda 70 müň 869 tonna kak erik eksport edilip 408 million 74 müň dollarlyk girdeji gazanylandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti, “Togg-yň täze modeli sergilener” söz başyly habarynda, Togg-yň, ABŞ-nyň Las-Wegas şäherinde başlan dünýäniň iň uly serp ediji sergisi JES 2024-de gatnaşýandygyny ýazýar. Togg sergide elektrik togy bilen işleýän ikinji ulagy T10F-ny sergileýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny