Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Türk uçarmansyz howa ulaglaryna ýene-de bir ýurtdan talap" söz başyly habarynda, Türkiyäniň ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň programmasynyň we global bazarlarynyň ünsleri özüne çekmäge dowam edýändigini habar berýär.

Daşary işler ministri Hakan Fidan Müsüriň Türkiyeden ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny satyn almagynyň gün tertipdedigini beýan etdi. Ýakyn Gündogar metbugaty "Türk uçarmansyz howa ulaglary bile bagly halkara derejedäki talap artdy" diýip belleýärler.

Star gazedi: "Saud Arabystanynda Türk goranyş senagatynyň önümleri sergilendi" söz başyly habarynda, Saud Arabystanynyň Riýad şäherinde geçirilýän "World Defense Show (WDS)" sergisine Türk goranyş senagatynyň 63 kärhana bilen gatnaşýandygyny mälim edýär. Sergide iň döwrebap tehnologiýaly gury ýer, deňiz we howa goranyş ulaglary sergilenýär.

Watan gazedi: "OECD Türkiyäniň ösüş çaklamalaryny artdyrdy" söz başyly habarynda, Ykdysady galkynyş we hyzmatdaşlyk guramasy OECD, Türkiyäniň 2024-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 2,7 göterimden 2,9 göterime çenli artdyrandygyny aýan edýär. 2025-nji ýyl üçin hem Türkiyäniň ösüş çaklamasyny 3,1 göterim hökmünde täzeledi.

Sabah gazedi: "Galkynyş Ýoly üçin tankydy ädim" söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň, türk işewür adamlaryň Jibutide 21 taslama boýunça 205 million dollarlyk maýa goýum amala aşyrandyklaryny aýdandygyny habar berýär. Ministr Abdulkadir Uralogly: "Orta koridorda ýerleşýän Türkiye 2053-nji ýyla çenli ýene-de 197 milliard dollarlyk transport taslamalaryna maýa goýmagy meýilleşdirýär" diýip belledi.

Ýeni Şafak gazedi: "Ýaş telekeçiler üçin buşlukly habar" söz başyly habarynda, 8-nji Halkara Ýaş işewür adamlar kongresiniň 8-nji fewralda Stambulda geçiriljekdigini aýan edýär. Kongres döwlet we hususy pudakdan ýokary derejeli ýolbaşçylar, telekeçiler, maýadarlar, işewür dünýäsiniň wekiller, akademikler we metbugat işgärleri bolmak bilen jemi 3 müňe golaý gatnaşyjyny bir ýere jemlär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny