Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Goranyş senagatynyň maýa goýumlaryny ýer titreme sebitini gönükdirýäris” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Adyýaman welaýatynda “Ýer titreme ýaşaýyş jaýlarynyň bije çekiliş we gowşurlyş dabarasyna gatnaşandygyny ýazýar. Erdogan 2,798 ýaşaýyş jaýynyň gowşurlyş dabarasynda sözlän sözünde “Goranyş senagatynyň maýa goýumlaryny ýer titreme sebitine gönükdirýäris” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Kreml: Putiniň Türkiýä saparynyň wagty heniz kesgitlenmedi” söz başyly habarynda, Kremliň Metbugat sekretary Dmitriý Peskowuň düýn beren beýannamasynda Russiýanyň lideri Putiniň Türkiýä sapary boýunça taýýarlyklaryň dowam edýändigini nygtap; “Sapary wagty kesgitlenenden soň beýan ederis” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Bir hepdede 44 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginde düýn geçirilen maglumat beriş ýygnagynda geçirilen operasiýalaryň netijesinde Yragyň we Siriýanyň demirgazygy bilen bilelikde soňky 1 hepdede 44 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigi beýan edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Antalýa syýahatçylykda 2024-nji ýyla depginli başlady” söz başyly habarynda, syýahatçylykda geçen ýyly rekord bilen ýapan Antalýa, 2024-nji ýylyň ilkinji aýlarynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 4,13 göterim ösüş edip, 229,097 syýahatçy kabul edendigine üsleri çekýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe 2023-nji ýylda un eksportunda dünýä rekorduna eýe boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2023-nji ýylda 3,663 000 tybba un eksport edip, dünýäde rekord derejä eýe bolandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
Leningradyň goranyş we gabaw muzeýinde türkmenleriň şäheri nädip gorandygy gürrüň berler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny