Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Türkiýe goranyş senagatynda hamala diýersiňiz dessan ýazýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň goranyş senagatynda hamala diýersiňiz dessan ýazýandygyny beýan edip; “Harby gämi “TJG Anadoluny” geçen ýyl ulanmaga berdik.

Uçarmansyz ýaragsyz we ýaragly howa ulaglarynda ilkinji üç ýurduň hataryna goşuldyk.Milli söweşjeň uçarymyz “KAAN” ilkinji uçuşyny üstünlik bilen amala aşyrdy” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “TİHA-lar maşgalasyna täze güýç” söz başyly habarynda, “Baýraktar AKYNJY J” uçarmansyz hüjüm ulagynyň ilkinji synag uçuşyny üstünlik bilen tamamlandygyny ýazýar. Şeýlelikde “Baýraktar AKYNJY TİHA-nyň” 2x850 HP güýjündäki üçünji modeliniň synagdan üstünlikli geçip, ulanmaga berilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar. “AKYNJY J” eýe bolan güýji bilen degişli kategoriýada iň güýçli we ukyply söweşjeň platforma bolar.

“Star” gazeti “Aliýew: Siz Azerbaýjan halkynyň hakyky dosty” söz başyl habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýebiň Prezidenti R.T.Erdogana doglan güni mynasybetli ugradan gutlag ýüzlenmesinde: “Siz, Azerbaýjan halkynyň hakyky dosty. Azerbaýjanyň hakly gowgasynda elmydama beren egilşiksiz we gyşarnyksyz pozisiýaňz, ikirjiňsiz goldawyňyza halkymyz elmydama minnetdar” diýip, ýazandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Ysraýylly antropologyň Osman döwleti teklibi” söz başyly habarynda, ysraýylly antropolog Jeff Halperiň Ysraýylyň basyp alyjy hüjümlerine garşy Osman modelini teklip edendigine ünsleri çekýär. Halper: “Hem palestinalylar üçin hem-de meniň ýaly ysraýyllylar üçin Osman döwleti ýaly ulgamy hyýal edýärin. Adamlar islän ýerlerine syýahat edip bilýärdi. Erkindiler. Orta Gündogarda ol 100 soň gaýtadan dikeldilip bilner” diýdi.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň “Tagam merkezleriniň sanawynyň birinji onlugyna Türkiýeden hem bir şäher goşuldy” söz başyl habarynda, Tasteatlas bazasyndaky 16,601 şäheriň arasyndan iň “süýji” naharlary bolan şäherleriň seçilendigini mälim edýär. Ýygydan hödürlenýän sebiýleýin we milli naharlardan taýdan iň gowy netijeler kesgitlendi we birinji onluga Türkiýeden Gaziantep adyny ýazdyrdy.

Ýene degişli makalalar

Çanakgala Ýeňişine 109 Ýyl Doldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny