Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: “ykdysadyýet 14 çärýekde durnukly ösdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 2023-nji ýylyň görkezijileri hakynda; “Türkiýäniň ykdysadyýeti geçen ýyl ýer titremelere we ýaramaz şertlere garamazdan 4,5 göterim ösüş edip, uly üstünlik gazandy. Şeýlelikde ykdysadyýetimiz durnukly häsýetde 14 çärýekde ösüş etdi. Bu görkedzijler bilen Türkiýe Ýewropada esasy ösüş eden ýurt boldy” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe ösüş depginini dowam etdirýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2023-nji ýylda ýyllyk mukdarda 4,5, oktýabr-dekabr aýlarynyň aralygynda bolsa öňki ýylyň degişli döwrüne görä 4 göterim ösüş edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türkiýe Ykdysady hyzmatdaşlyk we gakžubul guranasyna agza ýurtlaryň hatarynda ikinji, G20-ä agza ýurtlaryň hatarynda bolsa üçünji orny eýeled.

“Ýeni Şafak” gazeti “ÝUHU-da ilkinji üçlükde” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli önüm bolan ýaragly we ýaragly uçarmansyz hywa ulaglary bilen pudakda öňdebaryjy bolan Ysraýyldan we Russiýadan öňe saýlanandygyny ýazýar. 2024-nji ýylda ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň sanynda 11,500 bilen ABŞ 1-nji, 3,300 bilen Hytaý 2-nji, 1000 ulag bilen Türkiýe üçünji orny eýeledi.

“Sabah” gazeti “ABŞ-dan F-16 teklipnamasy” söz başyly habarynda, 40 sany F-16 Blok-70 satuwy we bar bolan 79 F-16-nyň döwrebaplaşdyrylmagy üçin ABŞ tarapyndan ugradylan “Taslama üpjünçilik we kabul ediş teklipleriniň” ministrlige gelip gowşandygyny, degişli bölümleriň seljeriş işleriniň başlandygyny mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe 10 basgançak ýokarlady” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň başlygy Fahrettin Altunuň; “Halkara marka seljeriş guramasy “Brand Finans” tarapyndan taýýarlanan Global ýumşak güýç indeksiniň 2024-nji ýyl boýunça görkezijilerine görä Türkiýe media we aragatnaşyk pudagynda geçen ýyla görä 10 basgançak ýokarlap, 193 ýurduň arasyndan 18-nji orny eýeledi” diýen sözlerini çap edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny