Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan Pakistanyň Permýer-ministri Şahbaz Şarif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyl habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Pakistanyň Permýer-minisrti Şahbaz Şarif bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Pakistan gatnaşyklary, sebitleýin we global meseleler seljerildi.Erdogan Şarifi premýer-ministrlige gaýtadan saýlanmagy bilen gutlady we täze döwürde Türkiýe bilen Pakistanyň gatnaşyklarynyň hasam ösjekdigine ynam bildirdi.

“Haber Türk” gazeti “Fidan: Gazada hüjümleriň bes edilmnegi üçin uly tagalla bar” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Gazada hüjümleriň bes edilmegi üçin gepleşikleriň dowam edýändigini nygtap, orazadan öň hüjümleriň bes edilmegi üçin uly tagalla isleg we tagalla bar” diýen sözlerini çap edýär.

Ministr Fidan şeýle hem geljek hepde ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entony Blinkeniň çakylygyna laýyklykda Amerika gitjekdigini beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “Daşary ýurtly maýadarlar Türkiýä uly gyzyklanma bildirýär” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň Türkiýäniň ykdysadyýetiniň dünýä ýurtlary bilen deňeşdirilende ýokary performansa eýedigini aýdandygyny mälim edýär. Daşary ýurtly maýadarlaryň Türkiýede täze maýa goýumlarynyň etmek isleýändiklerini beýan eden Ýylmaz, ýakyn döwürde olary has köp göreris” diýdi.

“Star” gazeti “Siýýarto: Türkiýäniň saýasynda dünýäni aýlanmaga mejbur bolmaýarys” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Daşary işler we daşary söwda ministri Peter Siýýartonyň Antalýa Diplomatiýa forumy hakynda; “Bu, BMG-niň Günbatar Ýewropasyz Baş Assambleýasy ýaly” diýendigine ünsleri çekýär.

Siýýarto köp sanly ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen forumyň netijeli özara gepleşikleri geçirmäge şert döredendigini nygtap; “Dünýä bilen jebisleşme üçin bütin dünýäni aýlanmaga mejbur bolmaýarys” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “HİSAR-O üç raketany şol bir wagtda atýar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň orta belentlikdäki howa goranyş raketa ulgamy “HİSAR-O-nyň” atyş ýazgylaryny ýaýlyma berendigini mälim edýär.

Ulgamyň batareýasy 3 sany raketa atyş ulagyndan, 1 sany orta alyslyk üçin niýetlenen howa goranyş radaryndan, 1 sany atyş gözegçilik merkezi bilen goşmaça enjamlardan we ulaglardan ybarat.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar