Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan: Netanýahu we jenaýatçy ýaranlary her damja ganyň hasabyny bererler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Palestinanyň döwlet Ýolbaşçysy Mahmud Abbas bilen bilelikde metbugat ýygnagyny geçirendigini ýazýar. Erdogan ganhor Ysraýylyň genosidine berk reaksiýa bildirip; “Netanýahu we jenaýatçy ýaranlary döken her damja ganlarynyň hasabyny hukugyň we umumy adamzat wyždanynyň öňünde bererler” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidan ABŞ-na gider” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ertir geçiriljek 7-nji Türkiýe-ABŞ Strategik mehanizminiň maslahatyna gatnaşmak üçin ABŞ-na gitjekdigini mälim edýär. Maslahatyň gün-tertibinde terrorizme garşy göreşden ykdysadyýetde hyzmatdaşlyga çenli ençeme mesele bar.

“Star” gazeti “MHG we Stambulyň İçeri işler müdirligi MOSSAD-a operasiýa gurady” söz başyly habarynda, Milli howpsuzlyk guramasy bilen Stambulyň İçeri işler müdirliginiň Terrorizme garşy göreş bölüm müdirliginiň geçiren bilelikdäki operasiýasy bilen, alan maglumatlaryny Ysraýylyň howpsuzlyk gullugy MOSSAD-a satýan 7 adamyň saklanandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Antalýa iki aýda 500 müňe barabar daşary ýurtly syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Antalýa ýylyň ilkinji iki aýynda gelen daşary ýurtly syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrüne görä 10,82 göterim ýokarlap, 499,784 adama deň bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Watan” gazeti “Türk gyzyl balygynyň eksporty artdy” söz başyly habarynda, gündogar Gara deňizden ýanwar-fewral aýlarynda edilen gyzyl balyk eksportunyň 24 göterim ýokarlap, 45,787 tonna barabar bolandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

2024-nji Ýylda Dünýä Geosyýasaty
MOSSAD-yň Içalylaryna Garşy Operasiýa Geçirildi
Hakan Fidan Kataryň Premýer-ministri we Daşary Işler Ministri Al Tani Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Refah Şäherine Gury Ýer Hüjümini Gurap Bileris”