Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Stambuldaky möhüm sammit üns merkezinde” söz başyly habarynda, Stambulda geçirilen Erdogan-Zelenskiý sammitiniň dünýäniň gün tertibinde möhüm orun tutýandygyny ýazýar. Möhüm duşuşygy seljerýän fransuz metbugaty “Zelenskiý Türkiýäniň goldawyna ynanýar” diýip, garaýyş beýan edýar. Habarda Türkiýäniň döwrebap ýaraglarynyň söweşde eýeleýän pozisiýasyna üns çekilýär.

“Watan” gazeti “Ak partiýanyň Metbugat sekretary Çelik Netanýaha reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahunyň Prezident R.T.Erdogana we Türkiýä garşy beren beýannamalaryna reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Çelik sosial media hasabyndan beren habarnamasynda: “Bigünä adamlaryň janyna köpçülikleýin kast edýän Ysraýylyň hökümetiniň we ganhor ulgamynyň Prezidentimiz Hormatly R.T.Erdogana we Türkiýä garşy beren beýannamalary ýok hökmündedir” diýip ýazdy.

“Haber Türk” gazeti “2026-njy ýylda ýeke öýjükli inflýasiýa ýeteris” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň “İnflýasiýada 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda gowy netijeleri göreris. 2025-nji ýylda has aşak derejeler bolar. 2026-njy ýylda bolsa bir öýjükli inflýasiýa gaýtadan ýeteris we bu ugurda biz ygrarly” diýen sözlerini çap edýär.

Sabah” gazeti “Türkiýäniň energetika çeşmesi boldy! İlkinji rekord goýuldy” söz başyly habarynda, Şyrnak welaýatynda terror guramasyndan saplanan Gabar we Judi daglarynyň Türkiýäniň täze energetika çeşmesine öwrülendigini mälim edýär. 2019-2020-nji ýyllarda sebitde geçirilen seismiki we burawlaýyş işlerinden soň açylan guýulardan günlük 37 müň barrel nebit öndürilmäge başlandy.

“Star” gazeti “Günorta Aziýa ýurtlarynyň “Baýraktar TB2” sýurprizi” söz başyly habarynda, “Baýraktar TB2” ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň eksport edilýän ýurtlarynyň hataryna Maldiw adalarynyň hem goşulandygyny ýazýar. Alynan maglumata görä Maldiw adalary Türkiýeden howpsuzlyk güýçleriniň zerurlyklary üçin gönükdiriş-gözegçilik bekedi bilen 6 sany “Baýraktar TB2-den” ybarat bolan ulgamy alar. Gazanylan ylalaşyga laýyklykda ulaglar gowşurylmaga başlandy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny