Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdfogan: Zulmy hem kanunylaşdyrýanlar bar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Gaza hüjümlerine reaksiýa bildirip; “Günbatar we Ysraýyl özleri üçin dünýäni oda berdiler. Ysraýylyň Gazada edýän zulmundan hem adam hukuklary, demokratiýa ýaly beýleki ähli öwüşginler bilen kanunylaşdyrmak üçin peýdalanýanlar şular dälmi?” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Erdogan Ysraýyla reaksiýa bildirdi: Bize ganhora ganhor diýmekden el çekdirip bilmezler” söz başyly habarynda, Türkiýede işleýän ilçiler bilen agzaçarda duşuşan Prezident Erdoganyň; “Bize ganhora ganhor diýmekden el çekdirip bilmezler. Ysraýylly ýolbaşçylar genosid hakykatyny gizlemäge çalyşmagyň ýerine Gazada ölemn bäbekleriň hasabyny bersin” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Hürriýet” gazeti “Terrorizme garşy göreşde Yrak bilen hyzmatdaşlyk maslahaty” söz başyly habarynda, Türk ýaragly güýçleriniň Yragyň demirgazygyndaky “Penje-Gulp” operasiýasy dowam edýän bolsa, yrakly ýerli ýolbaşçylar bilen möhüm maslahatyň geçirilendigini ýazýar. Maslahatda Yrak-Türkiýe serhet zolagynyň howpsuzlygy ara alynyp maslahatlaşyldy.

“Sabah” gazeti “Fiç Raýtingiň Türkiýe hakyndaky analizi: Ynamymyz artdy” söz başyly habarynda, halkara kredit derejelendiriş guramasy Fiç Raýtingiň Baýry direktory we Türkiýe boýunça analitigi Erik Arisp Moralesiň Türkiýäniň alyp bar bolan ykdysady syýasat ugrunyň has çydamlydygyna we syýasatlaryň dowam etjekdigine bolan ynamyň artandygyny aýdandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Sertab Erener 21 ýyl soň gaýtadan Ýewrowideniýede sahna çykar” söz başyly habarynda, 2003-nji ýylda Ýewrowideniýede Türkiýä birinji orny gazandyran Sertab Ereneriň 21 ýyl soň gaýtadan Ýewrowideniýe aýdym-saz bäsleşigine gatnaşjakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny