Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Saglygy goraýyş infrastrukturasynda Türkiýeden gowusy ýok” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň dünýäniň ençeme ýurdundan adamlaryň şypasyny Türkiýeden gözleýändigini aýdandygyny ýazýar. Türkiýaniň saglyk syýahatçylygyndan alýan paýynyň günsaýyn artýandygyny beýan eden Erdogan; “Ýylyň birinji çärýeginde ýüz tutanlaryň sany 225 müňden geçdi” diýdi.

“Sabah” gazeti “Terrorizme garşy göreşde Yrak bilen hyzmatdaşlyk” söz başyly habarynda, Yragyň paýtagty Bagdatda Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, Milli goranmak ministri Ýaşar Güleriň we Milli howpsuzlyk gullugynyň Başlygy İbrahim Kalynyň yrakly käredeşleri bilen ýokary derejeli howpsuzlyk maslahatyny geçirendigini ýazýar. Maslahatda howpsuzlyk we harby hyzmatdaşlyk bilen terrorizme garşy bilelikde göreş boýunça giňişleýin pikir alyşyldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Britaniýa bilen täze döwür” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň Britaniýanyň paýtagty Londonda Britaniýanyň Söwda ministri Kemi Badenoç bilen duşuşandygyny mälim edýär. Ministr Bolat Birtaniýa bilen erkin söwda ylalaşygynyň döwrüň şertlerine laýyklykda üýtgedilmegi hakynda geňeşmeleriň başlandygyny beýan etdi.

“Hürriýet” gazeti “HSBC Türkiýäniň ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ykdysadyýetindäki oňyn performansyň ünsleri çekmäge dowam edýändigini ýazýar. Iňlis banky “HSBC” Türkiýäniň 2024-nji ýyl üçin ösüş çaklamasyny 2,5 göterimden 3,1 göterime, 2025-nji ýyl üçin ösüş depginini bolsa 3,5 göterimden 3,6 göterime çykardy.

“Star” gazeti “Türkiýäniň älem giňişligi boýunça barlaglarynyň depgini ýokarlaýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji kosmonawty Alper Gezerawjynyň atyş operasiýalaryny amala aşyrýan ýerli enjamyň üstünde işleýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Döwlet ýolbaşçylarymyz bu barasynda şatlykly habary bererler” diýen Gezerawjy; “Älem giňişligi boýunça 10 maksat kesgitlendi we şol maksatlar boýunça işlerimiz dowam edýär” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe-Yrak Howpsuzlyk Mehanizminiň Maslahaty Bagdatda Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny