Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Ykdysady görkejiler iňňän gowy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysparta welaýatynda eden çykyşynda; “İş ýüzüne geçirýän ykdysady maksatnamamyzyň netijelerini ýylyň ikinji ýarymynda görmäge başlarys. Umumy ykdysady görkezijiler örän gowy. İnflýasiýa aşakladygy saýyn netijeleri görüler” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Fidanyň Türkiýäniň ÝB-ne agzalygy hakyndaky anyk ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň ispan kärdeşine ÝB-ne agzalygyň Türkiýäniň strategik maksady bolmagynda galýandygyny, Türkiýäniň ÝB-ne agzalyk tapgyrynyň käbir ýurtlaryň ownuk syýasy gün-tertiplerine goýulmajak derejede möhümdigini ýene-de bir gezek nygtandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Russiýa: Ukrainadaky parahatçylyk insiatiwasy üçin Erdogandan minnetdar” söz başyly habarynda, Russiýanyň Daşary işler ministrliginiň Metbugat sekretary Mariýa Zaharowanyň Prezident R.T.Erdogana Ukraina bilen Russiýanyň arasynda parahatçylyk üçin eden başlangyçlary sebäpli minnetdardyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Ýumakly: Rekordlar bilen tamamlandy” söz başyly habarynda, “Türkiýe Şeker Fabrikleri A.Ş.” paýdar jemgyýetiniň Baş müdiriýetiniň 2023-2024-nji kampaniýa döwrüni taryhy rekord bilen tamamlandygyny, bu döwürde 9 milliondan gowrak şugundyryň işlenip, 1,161,100 tonna şekeriň öndürilendigini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Dünýäniň iň ýaş futbolçylary belli boldy!Birinji onlukda 2 türk ýyldyzy bar” söz başyly habarynda, dünýäniň iň başarjaň 50 ýaş ukybyny kesgitlän “GOAL-yň” taýýarlan sanawynda Türkiýäniň milli ýygyndy futbol komandasynda oýnaýan iki türk ýyldyzyň hem birinji onluga girmegiň hötdesinden gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Sanawda Arda Güler 5-nji, Kenan Ýyldyz bolsa 8-nji oruny eýeleýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny