Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Daşary işler ministrligi parasatlylyga çagyrdy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginden Ysraýyl-Eýran dartgynlygy boýunça berilen beýannamada taraplara parasatly çemeleşmekleri üçin çagyryş edilendigini ýazýar.Beýannamada; “Ysraýylyň Eýranyň Damaskdaky İlçihanasyna žguran halkara hukuk kadalaryna bap gelmeýän hüjümi aladalarymyzyň ýerliklidigini görkezdi.

Eýranyň bu hüjüme görkezen gaýtawuly we şondan soňky ýagdaýlar, wakalaryň gysga möhletde sebitleýin söweşe öwrülip biljekdigini ýene-de bir gezek görkezdi” diýilýär.

“Star” gazeti “Fidan: Dartgynlygy güýçlendirjek başlangyçlar bes edilmeli” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň eýraly kardeşi Hüseýin Emir Abdullahiýana Ysraýyla guralan hüjümden soň sebitde dartgynlygyň mundan artyk möwç almagyny islemeýändiklerini we dartgynlyga sebäp boljak başlangyçlaryn bes edilmegini isleýändiklerini aýdandyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň möhüm pozisiýasy” söz başyly habarynda, dünýä Eýranyň Ysraýyla görkezen gaýtawulyny ara alyp maslahatlaşýan bolsa, hüjümden öň Ankaranyň eýelän möhüm pozisiýasyna üns çekilendigini ýazýar. Daşary işler ministrlginiň Eýranyň we ABŞ-nyň ikitaraply islegleriniň we ýüzlenmeleriniň Türkiýäniň üsti bilen ýetirilenbdigini beýan edendigine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Sinjara çenli “Howpsuzlyk guşagy” söz başlyly habarynda, Türkiýäniň Yragyň demirgazygyna gurajak operasiýasynyň birinji tapgyrynda terror guramasy PKK goldaw berýäň obalary we şäherçeleri saplajakdygyny mälim edýär. Soň Hakrukdan Metina, Zapa, Awaşine we Haftanine uzap gidýän terror pozisiýalary ýok ediler. Nobatdaky tapgyurda döredilen “Howpsuzlyk guşagynda” ýerleşýän Mahmur, Süleýmaniýe, Kandil we Sinjar etraplaryna operasiýa üçin işe girişiler.

“Hürriýet” gazeti “Grek ministriniň Türkiýe hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly hahabarynda, Gresiýanyň Daşary işler ministri Ýorgo Ýerapteritisiň türk-grek gatnaşyklary üçin gyzgyn ýüzlenmeler berip; “Çagalarymyň barmaklaryň mäşede bolmadyk sebitinde ýaşamaklaryny isleýärin. Olara asuda ýaşaýyşy amanat etmek isleýärin” diýen sözlerini çap edýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Brýusselde Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türkmenistanyň we Kipriň Russiýadaky ilçileri ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ösüşini ara alyp maslahatlaşdylar
Daniýa planetany halas etmek üçin täze salgyt girizdi
Türk mediasyna syn
Türkiýe: türkmenistanly çopan başlygyny öldürmekde aýyplanýar
Öýlerimiz çagaly, ýorganlarymyz balaly bolsun