Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “EDrdogan 1-nji Maý Zähmetkeşler we Raýdaşlyk gününi gutlady” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 1-nji Maý Zähmetkeşler we Raýdaşlyk gününi gutlandygyny ýazýar.Düýn sosial media hasabyndan beren habarnamasynda zähmetkeşlere ýüzlenen Erdogan; “Ýurdumyz bilen bilelikde bütin dünýäde bellenilip geçilýän Zähmetkeşler we Raýdaşlyk gününi gutlaýaryn.

Halal rysgalyň yzynda ylgaýan ähli zähmetkeş doganlaryma ýalkymly salam” diýip ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “Daşary işler ministri Hakan Fidan: Ysraýyla garşy gozgalan genosid işine tarap bolup goşulmaga karar berdik” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň düýn paýtagt Ankarada Indoneziýanyň Daşary işler ministri Marsudi bilen bilelikde metbugata beýannama berendigini ýazýar.

Fidan: “Ilkinji gezek beýan edesim gelýär.Günorta Afrikanyň Halkara adalat diwanynda Ysraýyla garşy gozgan kazyýet işine tarap bolup goşulmak hakynda karara geldik” diýdi.

“Watan” gazeti “Jewdet Ýylmaz Özbegistanyň Prezident Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşdy” söz başyly habarynda, resmi sapar bilen Özbegistana baran Prezidentiň Orunbasary Jewdet Ýylmazyň döwlet Ýolbaşçysy Şawkat Mirziýoýew bilen duşuşandygyny ýazýar. Jewdet Ýylmaz: “Özbegistan bilen umumy taryhy we medeni gatnaşyklarymyzyň çäginde bar bolan dost-doganlygymyzy “Dilde, pikirde, işde birlik” şygary bilen güýçlendirmäge dowam ederis” diýdi.

“Sabah” gazeti “Gara deňizde tebigy gazdan soň nebit” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktaryň Türkiýäniň energetika garaşsyzlygy boýunça maksadyna ýetmek ugrunda alynyp barylýan işler hakynda beýanat berip, “Sakarýa gaz giňişliginiň günortasynda iýun aýynda nebit guýusyny açarys. Sinop, Trabzon we Rize şäherleriniň ýalpaklarynda-da ýerleri kesgitledik” diýen sözlerini çap edýar.

“Haber Türk” gazeti “Kruiz ýolagçy gatnawy 61 müňe ýetdi” söz başyly habarynda, Türkiýä gelýän, Türkiýeden başga ýurtlara gidýän we üstaşyr ýolagçylary öz içine alýan kruiz gämi ýolagçy sanynyň ýylyň birinji çärýetinde geçen ýylyň degişli döwrüne görä 79,15 göterim artyp, 61,113 adama ýetendigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Azerbaýjanyň Premýer-ministrini Kabul Etdi