Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Fidan: Iki döwletli çözgüde gitmesek bu soňky Gaza söweşi bolmaz” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň “Al Arabiýa” teleýaýlymyna beren beýannamasynda “Bu tragediýadan netije çykarmasak, iki döwletli çözgüde gitmesek bu Gazadaky soňky söweş bolmaz. Başga uruşlar we göz ýaşlary bize garaşar” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Gaza ynsanperwer kömegini alyp giden 11-nji gami ugradyldy” söz başyly habarynda, Türk gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen Tebigy abatlary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasynyň bilelikde alyp barýan ynsanperwer kömek operasiýasynyň çäginde jemi 5,066 tonnalyk ynsanperwer kömegini alyp giden “Ýagşylyk gämisiniň” Mersin portundan Gaza ugradylandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe halkara maýa goýumlarynda Ýewropa boýunça 4-nji orunda” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Maýa goýum ofisinin Başlygy BurakDaglyoglunyň Türkiýäniň geçen ýyl çeken halkara maýa goýum taslamalary bilen Ýewropada 4-nji orny eýelandigine ünsi çekip; “Türkiýe strategik ýerleşişi we güýçli maýa goýum şertleri bilen maýadarlar üçin öňe saýlanýan destinasiýa öwrüldi” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Esasy taslamalaryny Türkiýä amanat etdiler” söz başyly habarynda, Merkezi Ýewropa ýurtlaryndan Sloweniýanyň 600 million ýewrolyk gymmaty bolan iň strategik taslamasy “Dika-Koper Demir Ýol Taslamasyny” Türkiýä amanat edendigini ýazýar. Taslamanyň 2026-njy ýylda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.

“Haber Türk” gazeti “Türksaý 6A üçin täze belgi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň Türksat 6A-nyň önümçilik we synag tapgyrlaryny üstünlik bilen tamamlandyğyny, iýun aýynda Amerikanyň Florida ştabyndaky Paýs-X-iň merkezine ugradyljakdygyny ýatladyp, Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli aragatnaşyk hemrasy Türksat 6A-nyň belgisini kesgitländiklerini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny