Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Prezident Erdoganyn sözleri grek metbugatynda” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň öňňin Ministrler kabinetiniň meclisinden soň Gresiýa bilen gatnaşyklar hakyndaky beýanatynyň grek metbugatynda giň seslenme döredendigini ýazýar. Oňyn ýüzlenmä ünsleri çeken grek metbugaty, Prezident Erdoganyň soňky beýannamasynyň Gresiýa dostluk elini uzatmakdan has uly many aňladýandygyny ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “Gara etrabomda 2 terrorçy howa operasiýay bilen täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginden düýn berilen beýannamada Yragyň demirgazygyndaky Gara etrabynda anyklanan 2 PKK terrorçysynyň howa operasiýasy bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “İkinci türk kosmonawty uçuşa taýýarlanýar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kacyryň kosmonawt Tuwa Cihangir Ataseweriň älem giňişligine etcek uçuşy hakynda beýannama berendigini ýazýar. Ministr Kacyr: “Kosmonawtymyzyň orbitaasty barlag uçuşy 2024-nci ýylyň 8-nci iýunynda Amerikanyň Nýu-Mehiko ştatyndaky “Spaýport” desgalaryndan başlar” diýdi.

“Watan” gazeti “Türkiýede kruiz syýahatçylygy ösýär” söz başyly habarynda, kruiz syýahatçylygynda ýanwar, fewral we mart aýlarynda Türkiýä 50 gämi bilen 61,113 ýolagçynyň gelendigini mälim edýär. Ýylyň üç aýynda kuriz ýolagçylarynyň esasy duralgasy Kuşadasy porty boldy.

“Sabah” gazeti “Türkiýede 54 welaýatyň eksporty ösdi” söz başyly habarynda, Söwda ministrliginiň görkezicilerine görä 17 welaýadyň ýanwar-aprel aýlarynyň aralygynda 1 milliard dollardan ýokarda eksport edendigine ünsleri çekýär. Stambul aprel aýynda 4 milliard 75 million dollar bilen birinci orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mertbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Kajyr: "Türkiye Ýewropanyň iň uly öý hojalyk önümleriniň öndürijisidir" diýdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TOGG-yň Täze Modeli 2025-nji Ýylda Satuwa Çykarlar
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy