Türk syýasatçysy baýramçylyk wagty balkon ýykylyp heläk boldy

Türk syýasatçysy baýramçylyk wagty balkon ýykylyp heläk boldy

Türkiýäniň oppozision Halk-Respublikan partiýasynyň (CHP) bölüm başlygynyň orunbasary Mehmet Palazi partiýanyň golaýda geçen ýerli saýlawlarda gazanan ýeňşini baýram edýärkäler, balkon ýykylyp heläk boldy. Bu barada partiýa salgylanýan RIA Nowosti habar berdi.

Waka Denizli ülkesiniň Tawas etrabynda boldy.

IHA habarlar gullugynyň ýazmagyna görä, partiýanyň ýeňşi baýram edilýän jaýyň balkony birdenkä ýumruldy, syýasatçy bilen bilelikde ýene sekiz adam hassahana göterildi. Palazini halas etmek başartmady.

Sesleriň 99,9 göterimi sanalanda, CHP-niň şäherleriň 35-sinde ýolbaşçylygy alýandygy belli boldy.

Ýene degişli makalalar

2025 Türk diline hyzmat baýraklary eýelerine gowşuryldy
Türkiýede TEKNOFEST 2024 festiwaly açyldy
Mustafa Ali Mehmet
Mehmet Şimşek Katara we Kuweýde sapar gurar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ministr Şimşek Katarly Maýadarlar Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny