Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar

Türk telewideniýe işgärleri türkmen kärdeşlerine täze iş usullaryny öwretdiler, Arkadag şäheriniň Aba Annaýew şäherçesinde ýerli öz-özüňi dolandyryş edarasynyň agzalygyna ilkinji saýlawlar geçirildi we bebleki habarlar

Türkmenistan

1. Prezident Serdar Berdimuhamedow Myratgeldi Ballyýewiç Seýitmämmedowy Türkmenistanyň Katar Döwletine Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledi. 2022-nji ýylyň dekabrynda Prezident Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek maksady bilen Doha şäherinde Türkmenistanyň diplomatik wekilhanasyny açmak hakynda Karara gol çekipdi. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar 1996-njy ýylyň 22-nji noýabrynda ýola goýuldy.

2. Türkiýäniň radio-telewideniýe korporasiýasy (TRT) türkmen telewideniýesiniň wekilleri üçin amaly okuwlary gurady. Türkmen telewideniýesiniň wekilleri TRT-niň Ankaradaky baş müdirligine baryp gördüler. TRT-niň tejribeli işgärleri Türkmenistandaky kärdeşlerine surata düşürmegiň täze usullary, täzelikler we animasiýalary döretmegiň tapgyrlary barada gürrüň berdiler. Okuw 5 gün dowam etdi, şondan soň türkmen hünärmenlerine şahadatnamalar gowşuryldy.

3.Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirildi.Saýlawlarda Geňeş agzalarynyň 5 ornuna Demokratik partiýasy, Senagatçylar we telekeçiler partiýasy, Agrar partiýasy tarapyndan 10 dalaşgär görkezildi.Dalaşgärleriň ýarsyna golaýynyň zenanlardygyny bellemek gerek.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň maglumatlaryna görä, agşam sagat 19:00-a — saýlaw uçastogynyň ýapylýan wagtyna çenli Arkadag şäheriniň Kärizek etrabynyň Aba Annaýew şäherçesinde Geňeş agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylaryň umumy sanynyň 92,37 göterimi ses berdi.

Günüň dowamynda merkezi saýlaw toparynyň saýtynda saýlaw uçastogyndan göni alnyp görkeziliş ýola goýuldy.

4.Türkmenistanyň döwletiň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary girizmäge taýýarlyk görülýär.Bu ugurda alnyp barylýan işler barada ykdysadyýet meseleleri boýunça wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow habar berdi.

Hususan-da, ol Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemegiň tertibiniň hem-de Türkmenistanyň öňünde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin şahsy pensiýalary bellemek boýunça toparyň düzüminiň taslamalary barada aýtdy.

Bu resminamalar Ilaty durmuş taýdan goramak hakyndaky kodekse laýyklykda taýýarlanylýar.

5. Türkmenistanda resmi saparda bolýan Koreýa Respublikasynyň Milli Assambleýasynyň Başlygy Kim Çžin Pýonyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Arkadag şäheri bilen tanyşlygyň dowamynda Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirkine baryp gördi. Bu ýerde koreýaly myhmanlar Galkynyş milli at üstündäki oýunlar toparynyň görkezme çykyşlaryna tomaşa etdiler.

6. Türkmenistan Er-Riýad şäherinde şu ýylyň sentýabr aýynda geçiriljek “Foodeх Saudi” atly Х halkara söwda sergisine gatnaşar. Anna güni geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer Batyr Atdaýew bu ugurda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Dünýäde

7. Hytaýda “MingYang Smart Energy” atly dünýäniň iň uly ýel generatory işe girizildi. Ýel generatory Taýwan bogazynda oturdyldy, bu ýerde şemally günleriň sany iki ýüzden gowrakdyr, ýeliň güýji bolsa tupanyňka ýakyndyr. Onuň gurluşy sagatda 287 kilometre çenli ýel akymyna çydamlydyr. Desganyň kuwwaty 16 MWt-a deň bolup, ol 36 müň öýi elektrik energiýasy bilen üpjün eder.

8. Singapuryň kazyýeti kepderileri birnäçe gezek iýmitlendirendigi üçin bir adama 3600 dollar jerime saldy. Çünki Singapurda kepderi iýmitlendirmek jenaýatdyr. 67 ýaşly jenaýatçy, ilkinji gezek, 2022-nji ýylyň awgust aýynda ele salyndy. Soň bolsa 16 gezek jenaýat üstünde tutuldy.

Sport habarlary

9.Türkmenistanyň milli ýygyndysy CAFA Futsal Cup-2023-de geçiren ilkinji duşuşygynda Eýranyň toparyndan üstün çykdy.Duşuşyk Duşenbe şäherinde geçirildi we 2:1 hasabynda türkmen futzalçylarynyň peýdasyna tamamlandy.

Türkmenistan milli ýygyndysynyň derwezebany Pirguly Gylyçmyradow duşuşygyň iň gowy oýunçysy saýlandy.Bu ýeňiş Ýakup Öwezowyň toparyna üç utuk toplap, ýaryşda öňdeligi eýelemäge mümkinçilik berdi.CAFA Futsal Cup-2023-iň ikinji tapgyrynda türkmen topary 24-nji iýulda Täjigistan bilen duşuşar.

Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 20: 00-da başlanar.

10. 24 29-njy iýul aralygynda Kuala-Lumpurda zenanlaryň arasynda iň iri toparlaýyn tennis ýaryşynyň Billi Jin Kingiň kubogynyň Aziýa we Okeaniýa zolagynyň II toparynyň duşuşyklary geçiriler.Oňa Täze Zelandiýa, Ýuwaş umman sebitiniň topary, Pakistan, Singapur we Şri-Lanka bilen bilelikde B toparça düşen Türkmenistanyň milli ýygyndysy hem gatnaşar.

Billie Jin Kingiň kubogy 1963-nji ýylda Federasiýa kubogy hökmünde döredilip, 2020-nji ýylda onuň ady meşhur amerikaly zenan tennisçi Billi Jin Kingiň hormatyna üýtgedildi.

Ýene degişli makalalar

Ýadro güýç milli energiýa howpsuzlygynyň açarymy?
“Türkiýe Palestina Goldaw Bermäge Dowam Eder”
Türkmenistan Stambulda TRT World Forum-2023 forumyna gatnaşýar
Prezident Erdogan “TRT World Forum 2023” Gatnaşdy
Prezident Erdogan, Kosowanyň Prezidenti Bilen Duşuşdy
“Ysraýylyň Ýüzlerçe Ýalanyny Paş Etdik”