Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar

Geçen hepde türki döwletlerde möhüm wakalar bolup geçdi. Geliň olara nobaty bilen ser salalyň.

2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew “Jengiz holding” kompaniýasynyň başlygy Mehmet Jengiziň ýolbaşçylygyndaky türk wekiliýetini kabul etdi. Duşuşyk Daşkent şäherinde geçirildi. “Jengiz holding” Özbegistanyň Daşkent we Syrderýa şäherlerinde elektrik beketleriniň gurluşygyny tamamlady we energetika pudagyndan daşgary magdançylyk, ulaglar we gurluşyk pudaklarynda-da iş alyp barýar.

8-nji awgustda Bakuwda Azerbaýjanyň Halkara gatnaşyklary analiz merkezi bilen Özbegistanyň Halkara Merkezi Aziýa İnstituty tarapyndan “Azerbaýjan-Özbegistan: Hyzmatdaşlygyň täze ugurlary” temaly maslahat geçirildi.Maslahatda Azerbaýjan-Özbegistan gatnaşyklarynyň ýeten sepgidi we geljegi hakynda pikir alyşyldy.

Maslahatyň ahyrynda adybir guramalaryň arsynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky ähtnama gol çekişildi. Özbegistanyň prezidentligine gaýtadan saýlanan Şawkat Mirziýoýewiň ilkinji daşary ýurt saparyny awgust aýynda Azerbaýjana guramagy meýilleşdirilýär.

2023-nji ýylyň 8-nji awgustynda Bakuwda Azerbaýjanyň Goranmak ministriniň orunbasary Kerim Weliýew Türkiýäniň Milli goranmak ministrliginiň Baş ştabynyň Howpsuzlyk bölüminiň Başlygy Ismail Günaýdynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýeti kabul etdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky maglumat alyşmak boýunça hyzmatdaşlyk hakynda pikir alyşyldy.

Üstümizdäki aýyň 9-da Russiýanyň resmi habarlar gullugy “TASS” Russiýa Federasiýasynyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda konsullyk işlerini alyp barmaga başlajakdygyny ýazdy.Habarda konsullyk işleriniň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda açylmagyna sebäp hökmünde ruslaryň ýurtdaky sanlarynyň artmagy görkezildi.

Russiýanyň Kipr Respublikasyndaky Ilçisi Murat Zýazikow bu barasynda beýannama berip; “Giç galan bu kararda syýasy garaýyş ýok.Kipriň demirgazygynda ýaşaýan rus raýatlaryna hyzmat etmek üçin diňe ynsanperwer aladalar tarapyndan edilen gönükdirmedir” diýdi.

2023-nji ýylyň 11-nji awgustynda Gazagystanyň Prezidenti Kassym Žomart Tokaýew Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň döwürleýin ýolbaşçysy Demirgazyk Makedoniýanyň Daşary işler ministri Bužar Osmanini kabul etdi.Duşuşykda Gazagystanyň, Demirgazyk Makedoniýa we ÝHHG bilen hyzmatdaşlyk ugurlary hakynda pikir alyşyldy.

Gazagystanyň Prezidenti Tokaýew Demirgazyk Makedoniýa bilen gatnaşyklarynyň ýokary derejelidigini, Skopiýada ilçihana açmak hakynda karara gelendiklerini beýan etdi. 2023-nji ýylyň 10-njy awgustynda Bužar Osmani Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçiripdi.

Gazagystan we Özbegistan geçen hepde Aktauda bilelikde harby türgenleşik geçirdiler. “Hanjar-2023” atlandyrylan harby türgenleşige iki ýurduň goranmak ministrleri bilelikde syn etdiler. Türki döwletleriň arsynda umumy we ikitaraply harby türgenkeşik geçirmek däbe öwrülmäge başlady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Aşgabatda halkara metbugat maslahaty geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Öwülýä Çelebiniň ömür beýany
Şimşek Amerikaly Kärdeşi Bilen Duşuşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny