Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

Türki Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar

2023-nji ýylyň 7-nji noýabrynda Özbegistanyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Kataryň ozalky Premýer-ministri Hamad bin Žassim al Tanini kabul etdi. Duşuşykda Özbegistanda goýuljak bilelikdäki maýa goýumlar hakynda pikir alyşyldy.

2023-nji ýylyň 8-9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň 16-nji Sammiti geçirildi. Sammite Azerbaýjanyň, Eýranyň, Gyrgyzstanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Türkiýäniň prezidentleri, Gazagynyň we Pakistanyň premýer-ministrleri gatnaşdylar. Daşkentde köp sanly özara duşuşyklar geçirildi. Sammitiň çäginde Merkezi Aziýada Howanyň üýtgemegi- Çagalar we ýaşlar atly halkara forum guraldy. Ykdysady hyzmatdaşlyk guramasynyň nobatdaky sammiti Azerbaýjanda geçiriler.

8-nji noýabrda onlaýn formatda Merkezi Aziýa-G7 Daşary işler ministrleriniň maslahaty geçirildi. Maslahata degişli ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen ministrleriň orunbasarlary gatnaşdylar. Maslahatda G7-ä girýän ýurtlar bilen Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hakynda pikir alyşyldy.

9-njy noýabrda Russiýa Federasiýasynyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin Gazagystana resmi sapar gurady. Astanada Gazagystanyň Prezidenti Kassym-Žomart Tokaýew bilen Wladimir Putin özara we toparara duşuşyklar geçirdi. Duşuşyklardan soň 7 ylalaşyga gol çekildi. Gazagystanyň we Russiýanyň Prezidentleri Kostanaýda geçirilen 19-njy Gazagystan-Russiýa sebitara hyzmatdaşlyk forumyna onlaýn formatda gatnaşdylar.

Gyrgyzstanyň Prezidenti Sadyr Japarow 2023-nji ýylyň 9-11-nji noýabrynda Fransiýa iş saparyny gurady. Prezident Japarow Parižde “Bir Dünýä” sammitine we ÝUNESKO-nyň 43-nji Sessiýasyna gatnaşdy. Przident Japarow ÝUNESKO-nyň Başlygy Audreý Azolaý bilen duşuşdy.

9-11-nji noýabrda Italiýanyň Prezidenti Seržio Mattarella Özbegistana resmi sapar gurady. Daşkentde iki ýurduň prezidentleriniň duşuşygy boldy. Duşuşykdan son Özbegistan bilen Italiýanyň arasynda 3 ylalaşyga gol çekildi. Italiýanyň Prezidenti Mattarella saparynyň çäginde Hywa we Samarkand şäherlerine baryp gördi.

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrynda Horwatiýanyň Premýer-ministri Andreý Plenkowiç Azerbaýjana resmi sapar etdi. Horwatiýanyň Premýer-ministri Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýew, Azerbaýjanyň Premýer-minsitri Ali Asadow we Milli Mejlisiň Başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşyklar geçirdi. Bakuwda geçirilen duşuşyklarda Azerbaýjan-Horwatiýa, Azerbaýja-NATO we Azerbaýjan-ÝB gatnaşyklary boýunça pikir alyşyldy.

2023-nji ýylyň 6-njy noýabrnda Stambulda Türki döwletleriň Habarlar gulluklarynyň Media forumy geçirildi. Forumyň ahyrynda Türki habarlar gulluklarynyň bileleşigi döredildi.

9-10-njy noýabrda Samarkantda Halkara Türki Akademiýasy tarapyndan Türki döwletleriň arheologlarynyň maslahaty geçirildi. Maslahata Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzstanyň, Mongoliýanyň Tataristanyň we Türkiýäniň arhologlary gatnaşdylar. Maslahatda Türki dünýänin Arheologiýany öwreniş institutlarynyň we Merkezleriniň bileleşigi döredildi.

9-njy noýabrda Azerbaýjanda Türki döwletleriň guramasynyň Ýaşlar we sport ministrleriniň 7-nji maslahaty geçirildi. Maslahatda gurama agza we synçy ýurtlaryň sport we ýaşlar syýasatlary boýunça hyzmatdaşlyk ugurlary hakynda pikir alyşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türki Döwletleriň Gün Tertbindaki Wakalar
Türki  Döwletleriň Gün Tertibindäki Wakalar
Ýewraziýa  Döwletleriniň Gün Tertibindäki Wakalar
Gyrgyzstanyň Mejlisi Ýurduň Baýdagynyň Üýtgedilmegi Hakynda Karar Kabul Etdi
Sankt-Peterburg, Ýewraziýa Ykdysady Hyzmatdaşlyk Geňeşiniň Maslahatyna Ýer Eýeçiligini Etdi
Gyrgyz Respublikasynyň Baýdagyna Üýtgetme Girizildi