Türki Döwletleriň Guramasynda başlyklyk Gazagystandan Gyrgyzystana geçer

Türki Döwletleriň Guramasynda başlyklyk Gazagystandan Gyrgyzystana geçer

6-njy noýabrda Bişkek şäherinde boljak Türki döwletleriň guramasynyň sammiti Türki dünýäniň hukuklarynyň we mümkinçilikleriniň giňeldilmegi: ykdysady goşulyşmak, durnukly ösüş, sanly geljek we hemmeler üçin howpsuzlyk diýen şygar astynda geçer. Bu barada guramanyň metbugat gullugyna salgylanýan Report ýazýar.

Habarda TDG-niň ýurtlarynyň Liderleri ykdysadyýet, söwda, sanly maglumat, ulag we howpsuzlyk bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşarlar, guramanyň wajyp taslamalary boýunça çözgütleri kabul ederler hem-de degişli resminamalara gol çekerler diýlip bellenýär. Şol sanda sebitde ykdysady we syýasy ýagdaýlara baha berler, türki dünýäniň birligini berkitmek hem-de ösdürmek babatda pikir alşylar.

Sammit tamamlanandan soňra guramada başlyklyk Gazagystandan Gyrgyzystana geçer.

Çäräniň jemleri boýunça döwlet Baştutanlary Bişkek Beýannamasyna gol çekerler.

Ýene degişli makalalar

Mirziýoýew we Orban Özbegistan bilen Wengriýanyň arasynda strategik hyzmatdaşlygy ara alyp maslahatlaşdylar
Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Alp Arslan Begenjow erkin göreş boýunça 23 ýaşa çenli ýaşlaryň arasynda geçirilen Aziýa çempionatynda ilkinji gezek altyn medal gazandy
Türkmenistan, Gyrgyzystan we Täjigistan boýunça ÝTÖB-niň täze sebit ýolbaşçysy bellenildi
Bişkekdäki ŞHG-nyň Işewürler forumynda 150 million dollarlyk şertnamalara gol çekildi
Connect for Peace Festival 2026 festiwaly Merkezi Aziýanyň media jemgyýetçiligini bir ýere jemledi