Türki Döwletlerň Gün Tertibindäki Wakalar

Türki Döwletlerň Gün Tertibindäki Wakalar

Hepdelik tapgyrlaýyn gepleşigimiziň nobatdaky sanynda Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda durup geçmek isleýäris.

Azerbaýcanyň Prezidenti İlham Aliýew 2023-nci ýylyň 10-ncy dekabrynda Serbiýa iş saparyny gurady. Prezident Aliýew Niş şäherinde Serbiýa-Bolgariýa tebigy gaz interkonnektorynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Saparyň çäginde Aliew Serbiýanyň Prezidenti Aleksandr Wucic we Bolgariýanyň Prezidenti Rumen Radew bilen duşuşdy.

2023-nci ýylyň 11-nci dekabrynda BMG-niň Howanyň üýtgemegi hakyndaky çarçuwaly konwensiýasynyň taraplarynyň 29-ncy maslagatynyň gelcek ýyl Azerbaýcanda geçirilcekdigi resmi taýdan yglan edildi. Bu karar Azerbaýcanyň halkara arenada neticeli, daşky gurşaw meselelerine ünsli çemeleşýän ýurtlardan biridigini ýene-de bir gezek subut etdi.

11-nci dekabrda Gruziýanyň Meclisiniň Balygy Şalwa Papuaşwili Azerbaýcana resmi sapar gurady. Papuaşwili Prezident İlham Aliýew bilen duşuşdy.

Türki döwletleriň guramasyna agza ýurtlaryň Gümrük edaralarynyň Başlyklarynyň 9-ncy maslahaty 12-nci dekabrda Daşkent şäherinde geçirildi. Maslahata Gruziýanyň Gümrük hyzmatlary edarasynyň Başlygy abraýly myhman hökmünde gatnaşdy. Maslahatda gurama agza döwletleriň arasynda ýönekeýleşdirilen gümrük geçelgesini döretmegiň tehniki detallary hakynda pikir alyşyldy. Şeýle hem Türkmenistan, Gazagystan we Azerbaýcan halkara ýükleriň Rumyniýanyň Konstansa portunyň üstaşary gatnadylmagynyň üstünde işleşýändiklerini beýan etdiler.

14-nci dekabrda Türkiýäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan Azerbaýcana resmi sapar etdi. Kärdeşi Ceýhun Baýramow bilen duşuşan ministr Fidan, Azerbaýcanyň Prezidenti İlham Aliýew tarapyndan kabul edildi. İki ýurduň daşary işler ministrleri bilelikde metbugata beýanat berdiler.

Ýyllyk metbugat ýygnagyny geçiren Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin 2024-nci ýylyň başynda Türkiýä sapar guracakdygyny beýan etdi.

2023-nci ýylyň 15-nci dekabrynda Azerbaýcanyň Prezidenti İlham Aliýew Birleşen Arap Emirlikleriniň Maýa goýum ministri Muhammed Hasan Al Suwaidini kabul etdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky maýa goýum ugurlary selcerildi. Duşuşykdan soň Azerbaýcan bilen BAE-niň arasynda 4 ylalaşyga gol çekildi.

Wengriýanyň Premýer-ministri Wiktor Orban Ukrainanyň ÝB-ne agzalyk tapgyrynyň başladylmagyna garşylyk görkezdi. Wengriýa şeýle hem ÝB tarapyndan Ukraina bölünip berilen 50 milliard ýewrolyk maliýe kömek bukcasyny weto etdi.

TÜRKSOÝ-yň döredilen gününiň 30-ncy ýyllygy türki döwletlerde dürli çäreler bilen bellenilip geçilýar. Soňky çäre Ankarada 12-13-nci dekabrda geçirildi. Türki dünýäniň Medeniýet paýtagty derecesi Şuşadan Türkmänistanyň Änew şäherine gowşuryldy.

12-nci dekabrda Türkmenistanda Bitaraplyk güni bellenilip geçildi. Bitaraplyk güni mynasybetli dürli çäreler geçirildi. Aşgabatda Dialog, parahatçylygyň kepillendirici atly halkara maslahaty geçirildi.

12-nci dekabrda dünýä meşhur ýazycy Çingiz Aýtmatowyň doglan güni türki döwletlerde bellenilip geçildi. 12-nci dekabrda Ankara şäherinde Türkiýäniň Medeniýet ministrliginiň howandarlygynda 5-nci Çingiz Aýtmatow Halkara Yssyk Köş forumy açyldy. Forumyň ýapylyşy Azerbaýcanda bolar.

Ýene degişli makalalar

Türki döwletlerde başdan geçirlen soňky wakalar
01.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Rumyniýa, Türkmenistan, Azerbaýjan we Gürjüstan Hazardan Gara deňze çenli ýük gatnawy marşrutyny döredýär
07.03.2019 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ulag geçelgesini döretmek boýunça duşuşyk geçirildi
YKDYSADY ÖSÜŞLER ROWAÇLYGYŇ BINÝADY