Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan atly bäsleşik geçirilýär

Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan atly bäsleşik geçirilýär

2024-nji ýylda Änew şäheriniň Türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmeginiň çäklerinde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen bilelikde ýaş suratkeşleriň Türki dünýäsiniň medeni mirasy we Türkmenistan atly halkara bäsleşigi geçirýär.

Bu bäsleşige gurama agza ýurtlardan 12 18 ýaş aralygyndaky ýaş suratkeşler, ugurdaş mekdepleriň okuwçylary we ýokary okuw mekdepleriniň çeperçilik bölümleriniň talyplary gatnaşyp bilerler.

Bäsleşige diňe bellenen temadan filosofiki pikirleri beýan edýän özboluşly suratlar kabul edilýär. Awtor suratyň ýordumy, ony döretmäge näme ylham berendigi barada kelam agyz söz ýazyp ýa-da goşgy goşup biler. Eseriň ozal neşir edilmedik, köpçülige ýetirilmedik, baýraklar ýa-da beýleki sylaglar bilen sylaglanmadyk awtorlyk işi bolmagy möhümdir.

Bäsleşik iki tapgyrda geçirilýär. Birinji tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinde Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň we TÜRKSOÝ-yň saýtlarynda çap ediler. Ikinji tapgyry 2024-nji ýylyň 15-nji aprelinden 15-nji maýyna çenli TÜRKSOÝ-yň halkara emin agzalary tarapyndan geçirilýär. Bu tapgyryň netijeleri 2024-nji ýylyň 30-njy maýynda yglan ediler.

Ýene degişli makalalar

Döredijilik bäsleşigi yglan edildi
Türk dünýäsi we Türkmenistan ýaş suratkeşleriň gözi bilen atly surat çekmek bäsleşigi yglan edildi
6-njy maý Türkmenistanyň esasy habarlary
TÜRKSOÝ-na AGZA DÖWLETLERIŇ ÝUNESKO-nyň IŞLERI BARADA MILLI TOPARLARYNYŇ MEJLISI
Sahnada Gilgameş atly spektakly
Türki döwletleriň halkara guramalarynyň soňky aýlarda alyp baran işleri