Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty yglan edildi

Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty yglan edildi

Azerbaýjanyň Şamahi şäherinde Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň 7-nji duşuşygy geçirildi. Oňa TDG-niň Baş sekretary Bagdad Amreýew, Azerbaýjanyň Döwlet syýahatçylyk agentliginiň başlygy Fuad Nagiýew, şeýle-de Türkiýäniň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Türkmenistanyň we Wengriýanyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary gatnaşdy. Bu barada azerbaýjan habarlar gulluklary maglumat ýaýratdy.

Bellenilişi ýaly, Türki Döwletleriň Guramasyna agza ýurtlaryň syýahatçylyk ministrleriniň duşuşygy Garabag sebitiniň syýahatçylyk mümkinçiliklerini herekete girizmek, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrundaky sebitlerde syýahatçylygy ösdürmek we bu babatdaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, syýahatçylyk pudagynda tejribe alyşmak, Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty taslamasyny durmuşa geçirmek, TDG agza we oňa synçy hökmünde gatnaşýan döwletleriň hususy, şeýle-de döwlete degişli syýahatçylyk kärhanalarynyň arasyndaky özara hyzmatdaşlygy ösdürmek, TDG döwletleriniň arasynda wizasyz syýahatlary ýola goýmak hem-de özara uçar gatnawlaryny artdyrmak ýaly meseleleri öz içine aldy.

Duşuşyga gatnaşyjylar Türk dünýäsiniň syýahatçylyk pudagyny dolandyrmak atly resminamany tassykladylar we Türki dilli döwletleriň syýahatçylyk edaralarynyň "Ýol kartasyny kabul ederler. Ministrleriň duşuşygynda Azerbaýjan Respublikasynyň Şamahi şäheri Türki dünýäsiniň syýahatçylyk paýtagty diýlip yglan edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistan Durnukly ulagyň dostlary toparynyň Ministrler derejesindäki ilkinji duşuşygyna gatnaşdy
Samarkant sammiti öz işine başlady
Gurbanguly Berdimuhamedow TDG sammitine hormatly myhman hökmünde gatnaşýar
Berdimuhamedow türki ýurtlaryň garaýyşlarynyň dünýädäki syýasy ýagdaýlara täsir etmelidigini aýdýar
Türki Döwletleriň Guramasyna täze baş sekretar bellener
Samarkantda Türki döwletleriň guramasynyň sammiti geçiriler
10-njy noýabrda Türki Döwletleriň Guramasynyň agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň mejlisi geçiriler