Türkiýä gidýän Türkmenistanyň raýatlary ýene bir goşmaça resminama almaly bolarlar

Türkiýä gidýän Türkmenistanyň raýatlary ýene bir goşmaça resminama almaly bolarlar

Şu günden ― 2023-nji ýylyň 3-nji ýanwaryndan başlap, Türkmenistandan Türkiýe Respublikasyna gitmek isleýänler wiza almak üçin ýene-de bir goşmaça resminamany almaly bolarlar.

Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň Türkiýä wiza ýüztutma merkeziniň resmi saýty arkaly habar berildi.

Habarda aýdylyşy ýaly, mundan beýläk, Türkiýä gidýän Türkmenistanyň raýatlary Razylyk beýannamasyny almalydyrlar. Bu beýannama merkeziň özünden alynýar.

Razylyk beýannamasy merkezde gol çekilen anketa goşulmalydyr.

Goşmaça resminama baradaky sowallara merkeziň sowal-jogap gullugy ýa-da elektron poçta arkaly jogap berilýär.

Merkeziň elektron salgysy: helpline.turkmenistan@gateway.com.tr Sowal-jogap gullugy: +99312400212

Ýene degişli makalalar

Pagta möwsümine niýetlenip, pul ýygnalmagyna garşy çykan işgärler gaýtadan ýygyma çekildi
Garaşsyzlyk baýramynyň öň ýany ulanyşa berlen’ jaýlar barada ýasama reportažlar ýazgy edilýär
Aşgabatda täze diş merkezi gurulýar, Lebapda lukmanlar dermanlary we serişdeleri öz hasabyna satyn alýar
Yslamabatda Türkmenistanyň ilçisi bilen Pakistanyň Senatynyň başlygynyň duşuşygy geçirildi
Öňki häkimiň yzyna getirilmegi Mary ilatynda 'nägilelik döretdi'
Ilatly ýerlerde zir-zibil talaba laýyk arassalanmaýar, yssyda galyndylardan erbet ys ýaýraýar
Trampyň emeli aň bilen taýýarlanan Gaza bilen bagly wideo ýazygysy internetde berk garşylyk döretdi