Türkiýä wizaly dolanmak isleýän türkmenistanlylar aeroportlarda saklanýar

Türkiýe türkmenistanly zähmet migrantlarynyň esasy ýykgyn edýän ýurdy. Olaryň esasy köpçüligini hem köne pasportly we wiza möhledi hem gutaran bikanun ýagdaýdakylar emele getirýär. Türkiýedäki türkmenistanlylaryň aglaba köpçüligi Stambulda bolany üçin duş gelýän problemalary barada “Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryna ýüz tutýan migrantlaryň aglabasy hem şol ýerden.

Türkiýedäki türkmen migrantlary hukuk geňeşdarlygy firmalarynyň üsti bilen kanuny ýagdaýa geçmek üçin eýýäm soňky 3 ýylyň dowamynda hasam tijendiler.Wiza möhledi dolan türkmenistanlylar Türkiýäniň migrasiýa edarasyndan gaýtadan wiza alyp, täze wizanyň güýje girmegi üçin Ermenistan we Gürjistan ýaly ýurtlara baryp-gaýdýar. (Redaksiýa: Türkmenistan yzyna goýbermeýändigi sebäpli türkmen migrantlary başga ýurlara gönükýärler). Ýöne soňky wagtlarda bu ugurda türkmen raýatlary üçin şertler näbelli ýagdaýda ýaramazlaşmaga başlady ýagny olaryň Türkiýeden başga ýurda gidip, täze wizany başlatmak üçin ýagdaýda yzyna dolanyp gelmeginde bökdençlikler ýygjamlandy.

Habarçymyz bilen gürrüňdeş bolan Stambuldaky türkmen raýatlarynyň we şol sanda hem olaryň wiza işlerine kömek edýän araçy firmalaryň işgärleriniň aýtmagyna görä, ylaýta-da soňky bir hepdede Türkiýede kanuny ýagdaýa geçmek üçin täze wiza alyp, Ermenistan bilen Gürjistana baryp gaýtmaga synanyşýan zähmet migrantlary aeroportlarda saklanmaga başlady.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylary bilen anonim görnüşde gürrüňdeş bolan wiza oňarýan araçy firmalaryň işgärleri özlerine ýüz tutan onlarça türkmen migrantynyň häzirki wagtda dürli aeroportlarda ýurduna deportasiýa edilmek üçin saklanýandygyny habar berdi.

“Müşderilerimiziň dokumentlerinde hiç hili kemçilik ýok.Eger şüpheli bir ýagdaý bolsa Türkiýäniň migrasiýa edarasy olara gaýtadan täze wiza açyp bermez.Aeroportlardaky polisiýa işgärleri türkmenistanly migrantlary näme üçin saklaýandygy we haýsy esasa görä ýurduna deportasiýa etjekdigi barada hiç hili düşündiriş bermän, diňe “Türkmenistan döwletiniň şeýle talaby bar” diýip, telefony ýüzümize ýapýarlar.

Häzir kime arzymyzy ýetirjegimizi bilemizok.Araçy wiza firmalary höküminde biziň elimizden gelýän çäre ýok” diýip, Stambuldaky bir hukuk geňeşdarlygy firmasynyň işgäri aýtdy.

Türkiýäniň migrasiýa edarasyndan täze wiza alyp, 30-njy iýunda Stambuldan Ýerewana uçan we 1-nji iýulda hem yzyna dolanan 25 sany türkmenistanly migrantdan diňe 10 sanysyna türk polisiýasy Stambulyň täze halkara aeroportyndan ýurda girmegine rugsat beripdir.

Galan 15 türkmen migrantyna bolsa polisiýa işgärleri Türkmenistana deportasiýa edilmegi üçin gerek bolan proseduralar doly tamamlanýança birnäçe gün aeroportda göz astynda saklanjakdygyny bildiripdir.

“Olardan daşaryn ýene 3 sany türkmenistanly müşderimiz kanuny ýagdaýda 1-nji iýulda Stambuldan Tiblisä uçdy.Türkmen raýatlary Gürjistana baranlarynda polisiýa tarapyndan sebäbi düşündirilmezden aeroportda saklanyp, Türkmenistana deportasiýa edilmegi üçin proseduralara başlanypdyr.

Edil türk tarapy ýaly gürji polisiýasy hem hiç hili düşündiriş berenok.Olar diňe Türkmenistanyň resmi talabyny ýerine ýetirýändigini nygtamak bilen çäklenýärler” diýip, Stambuldaky bir wiza firmasynyň aklawçysy bilen olaryň tanyşy türkmen migranty habarçymyza gürrüň berdi.

“Türkmenistanyň Hronikasynyň” habarçylaryndan birine Stambulyň täze aeroportynda anonim ýagdaýda ýokarda aýdylan maglumatlary tassyklan bir polisiýa işgäri, Türkiýäniň içeri işler ministrliginiň ýörüte karary bilen migrantlar baradaky gözegçiligiň şäher häkimligi saýlawyndan soň hasam berkidilendigini, türkmen raýatlarynyň diňe aeroportlarda däl galybersede işleýän ýa-da daşarda gezip ýören ýerinde hem nobatçy polisiýa tarapyndan yzygiderli ýagdaýda saklanýandygyny mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen we gürji resmileri tranzit, energiýa hyzmatdaşlygyny maslahatlaşdylar
Gürjistan bilen Belarusyň arasynda wiza ulgamy bes edildi
Gürjistanda düýn bolan magdan heläkçilikde ýogalan 6 işçi üçin bir günlük milli ýas yglan edildi
Prezident Erdogan Gürjistanyň Prezidenti Margwelaşwili bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Ermenistan Eýranyň üsti bilen swap ylalaşygy esasynda türkmen gazyny satyn almagyň üstünde işleýär
Traktorlar, otlar, arak, saunalar? Käbir ýolbaşçylar COVID-19-dan goranmak üçin geň, peýdasyz maslahatlary berýärler