Türkiýäni Ýasa Boýan Ýer Titremelerinden Soň Umytlandyran Habarlar Gelmäge Dowam Edýär

Türkiýäni ýasa bolan güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan we 10 welaýatda uly weýrançylyga sebäp bolan ýer titremelerinde ýykylan binalaryň harabalyklaryndan umytlandyran habarlar gelmäge dowam edýär.

Ýer titremesinden 116 sagat soň Kahramanmaraşdan şatlykly habarlar gelip gowuşdy.

Ýer titremesinde ýykylan Ebrar binasynda geçirlen gözleg we halas ediş işlerinde 116 sagat soň 8 ýaşyndaky Rydwan Çakyroglu halas edildi.

Kahramanmaraşda 116 sagat soň 20 ýaşyndaky Derman Nedirli bilen 51 ýaşyndaky kakasy Mewlüt Nedirli harabalygyň aşagyndan sag aman halas edildi we bejeri astyna alyndy.

Hataý welaýatynyň Antakýa etrabynda 116 sagat soň Hülýa Baýrak sag aman halas edildi.

Ýer titremesiniň güýç merkezi Kahramanmaraşda ýykylan binalaryň harabalyklaryndan 117 sagat soň hem 34 ýaşyndaky Hasan halas edildi.

Hataý welaýatynda 119 sagat soň harabalygyň aşagynda galan bir çaga gözleg we halas ediş topary tarapyndan halas edildi.

Hataýda 120 sagat soň hem başga bir çaga harabalygyň aşagyndan çykaryldy.

Kahramanmaraşda harabalygyň aşagynda galan 70 ýaşyndaky Menekşe Tabak hem ýer titremesinden 122 sagat soň halas edildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkmenistanda 'unudylýan' döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Türkmenistanda unudylýan’ döwlet terrorynyň başlananyna 80 ýyl boldy
Ýetginjekleriň we gyzlaryň 200-e golaýy ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň çäklerinde Belarusyň, Rumyniýanyň we Hytaýyň ýokary okuw mekdeplerine okuwa girdiler
21.09.2017 | Ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň umumy medal sany 148-e ýetdi