Türkiyäniň awtoulag önümçiligi artdy

Türkiyäniň awtoulag önümçiligi artdy

Awtoulag senagaty birleşigi 2024-nji ýylyň ilkinji 2 aýyna degişli önümçilik we eksport sany we bazar görkezijileri barada maglumat berdi.

Şoňa laýyklykda ady agzalan döwürde jemi awtoulag önümçiligi 2023-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 8 göterimlik artyş bilen 241 müň 861 sany boldy. Awtomobil önümçiligi bolsa 12 göterimlik artyş bilen 151 müň 14 sany boldy.

Ýylyň ilkinji 2 aýynda awtoulag eksporty geçen ýylyň degişli döwrüne görä san boýunça 4 göterim artyp, 164 müň 560 sany boldy.

Şol döwürde awtmobil eksporty hem geçen ýylyň degişli döwrüne görä 3 göterim, täjirçilik ulag eksporty bolsa 6 göterim artdy.

Ýene degişli makalalar

Mary welaýatynyň çäginde iki sany awtoulaglara ýangyç guýuş beket açyldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň Prezidenti awtomobil ýollarynyň gurluşygyny güýçlendirmegi tabşyrdy
Aşgabat—Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durky täzelener
Aşgabat-Gökdepe demirgazyk sowma awtomobil ýolunyň durkuny täzelemek, onuň ugrunda täze köprüleri gurmak meýilleşdirilýär
IRU Türkmenistanyň üstünden geçýän Günorta geçelgäniň mümkinçiliklerine ýokary baha berýär