Türkiyäniň Daşary işler ministri Malaýziýada saparda bolýar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Malaýziýada saparda bolýar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidan gepleşikler geçirmek maksady bilen giden Malaýziýanyň Penang welaýatynda Malaýziýanyň Premýer ministri Enwer Ibrahim tarapyndan kabul edildi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginiň Twitter hasabyndan berilen maglumatda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Malaýziýanyň Premýer ministri Enwer Ibrahim tarapyndan kabul edilendigi habar berildi.

Daşary işler ministrligi tarapyndan berilen ýene-de bir maglumatda bolsa, Hakan Fidanyň Wise-premýer Ahmad Zahid Hamidi bilen duşuşyk geçirendigi mälim edildi.

Hakan Fidan Malaýziýanyň Penang welaýatynda şeýle hem Malaýziýanyň Daşary işler ministri Zambri Abdul Kadir bilen duşuşyk geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Hakan Fidan Mariýa Angela Olgin Kuelýary kabul etdi
Hakan Fidan Katarda Saparda Bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Fidan Bilen Blinken Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Hakan Fidan daşary ýurtly kärdeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Hakan Fidan abş-ly kärdeşi Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy