Türkiyäniň Daşary işler ministri Müsürde saparda bolar

Türkiyäniň Daşary işler ministri Müsürde saparda bolar

Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde kärdeşi Samih Şukri bilen ikiçäk duşuşyk geçirer, kärdeşler ondan soň bolsa toparara maslahat geçiriler.

Gepleşiklerden soň Çawuşogly we Şukri umumy metbugat ýygnagyny geçirerler. Mewlüt Çawuşogly saparynyň çäginde Kair Türk şehitligi gonamçylygyny zyýarat eder.

Ministr Mewlüt Çawuşogly 11 ýyl arakesmeden soň Türkiyeden Müsüre sapar guran ilkinji Daşary işler ministri bolar.

Müsüriň Daşary işler ministri Samih Şukri 6-njy fewralda Kahramanmaraş welaýatynda başdan geçirilen ýer titremelerden soň, 27-nji fewralda raýdaşlyk bildirmek we gynanç ýüzlenmesini bermek maksady bilen Türkiyä sapar gurapdy we ministr Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşyk geçiripdi.

Müsür mundan başgada Türkiyedäki ýertitremelerde ejir çekenler üçin ysanperwer kömek ugradypdy.

Ýene degişli makalalar

2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly finlýandiýaly kärdeşini gutlady
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi