Türkiýäniň Ilkinji Astronawty Ankara Geldi

Türkiýäniň Ilkinji Astronawty Ankara Geldi

Älem giňişligi wezipesini üstünlikli tamamlan Alper Gezerawjy, ABŞ-daky barlaglaryndan soň Prezidentiň diwanyna degişli ýörite uçar bilen Ankara Esenboga howa menziline geldi.

Senagat we tehnalogiýa ministri Mehmet Fatih Kajyr, sosial mediadan beren “Buýsan Türkiýe” atly habarnamasynda Türkiýänin ilkinji astronawty Alper Gezerawjynyň şu gün ýuda dolanyp gejekdigini mälim edipdi.

Alper Gezerawjy bilen birlikde 4 adamlyk Axiom-3 topar “Dragon” emeli hemra ulagy bilen 10-jy fewralda ABŞ-nyň Florida ştatyna gonupdy.

“Dragon” 18-nji ýanwardaABŞ-nyň ýerli wagty bilen 16.49-da, Türkiýe wagty bilen 19-njy ýanwarda 00.49-da NASA-nyň Floridadaky merkezinden üstünlikli ýagdaýda uçurlypdy.

Ýolagçylygy 36 sagada golaý dowam eden Ax-3 topary, 20-njy ýanwarda Halkara emeli hemra bekedine barypdy.

Ýene degişli makalalar

Ilkinji türk astronawtynyň äleme uçjak senesi belli edildi
Emeli Hemra Ýolagçylygy Yza Süýşürildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan ilkinji türk astronawt Alper Gezerawjyny kabul etdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny