Türkiýäniň Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasy Ýewropanyň Çempiony Boldy

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, 2023 CEW Ýewropa çempionadynyň final bäsleşiginde Serbiýa bilen bäsleşdi.

Belgiýanyň paýtagty Brýusselde geçirlen çempionlyk bäsleşigi çekeleşikli başlady.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, bäsleşikde Serbiýany 3-2 hasabynda ýeňip çempion boldy.

Melisa Wargas final bäsleşiginde 41 san bilen çempionadyň iň gowy oýunjusy hökmünde saýlandy.

Türkiýäniň milli ýygyndy zenan woleýbol komandasy, şeýlelikde milletler ligasyndan soň taryhynda ilkinji gezek Ýewropanyň çempiony boldy.

Prezident R. T. Erdogan, sosial media hasabyndan beren habarnamasynda, “2023 CEW Ýewropa çempiony hökmünde bizi buýsandyran milli ýygyndy zenan woleýbol komandamyzy, woleýbolçy gyzlary mähirli gutlaýaryn” diýdi.

Ýene degişli makalalar

U19 Türkiýäniň Milli Ýygyndy Zenan Woleýbol Komandasy Finala Çykdy
Türkiýäniň Milli Ýygyndy Woleýbol Komandasy Ýewropanyň Çempiony Boldy
Türkiýäniň Milli Ýygyndy Woleýbol Komandasy, Ysraýyly 3-0 Hasabynda Utdy
Türkiýäniň Milli Ýygyndy Woleýbol Komandasy Fransiýadan Ýeňildi
Ejzajybaşy Dynawit Polşanyň Dewelopres Komandasyny Ýeňdi
U17 Türk Zenan Milli Woleýbol Komandasy Finala Çykdy