Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar

Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdogan BMG-niň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň taraplarynyň nobatdaky 28-nji mejlisiniň (COP28) çäginde geçiriljek Bütindünýä Howa sammitine gatnaşmak maksady bilen Birleşen Arap Emirliklerine bardy.

Prezident Erdogany Dubaý Halkara howa menzilinde BAE-niň Wise-prezidenti Şeýh Mansur bin Zaýid Al Nahaýan garşylady.

Prezident Erdogan Bütindünýä howa Sammitiniň geçirilýän ýeri bolan Dubai Expo Centerde BAE-niň Döwlet baştutany Şeýh Muhammed bin Zaýed Al Nahaýan we BMG-nyň baş sekretary Antoniu Guterriş tarapyndan garşylandy.

Prezident Erdogan sammitiň çäginde ilkinji duşuşygyny Şotlandiýanyň Premýer ministri Hamza Ýusuf bilen geçirdi.

Duşuşykda sebitleýin we global meseleler bilen birlikde Gazanyň soňky ýagdaýy ara alynyp maslahatlaşyldy.

Prezident Erdogan NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenberg bilen hem gysga wagt söhbetdeş boldy.

Erdogans aparynyň çäginde Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni bilen duşuşyk geçirdi.

Ýene degişli makalalar

BAE-niň wise-prezidenti Türkmenistanyň Prezidentine sport welosipedini sowgat ýollady
Türkiýede Ýerli Saýlarlar Geçirildi
Gurbanguly Berdimuhamedow BAE-niň aradan çykan Prezidentiniň hatyra çärelerine gatnaşýar
Aşgabatda Şeýh Halifa Bin Zaýed Al Nahaýýanyň belli güni bellener
Türkiýäniň Prezidenti BAE-ne sapar gurar
Türkmenistanda sülçüler şübhelenilýänleri wideoaragatnaşyk arkaly sorag edip bilerler, Aşgabatda BAE-niň aradan çykan Prezidentini hatyralap sadaka berler, türkmenistanly dzýudoçylar Almatyda geçirilen halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular, Aşgabatdaky ÝHH