Türkiýäniň Prezidenti Demokratiýa, milli jebislik gününe bagyşlanan makalasyny çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Demokratiýa, milli jebislik gününe bagyşlanan makalasyny çap etdi

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan Demokratiýa we milli jebislik gününiň 10 ýyllygyna bagyşlanan “15-nji iýul: Türkiýe asyrynyň garaşsyzlyk jarnamasy” atly makalasyny çap etdi. Bu barada Türkiýe Respublikasynyň Prezidentiniň ýanyndaky Aragatnaşyk müdirligi habar berdi.

Türkiýäniň Prezidenti makalasynda 2016-njy ýylyň 15-nji iýulynda bolup geçen wakalary ýurduň taryhyndaky iň uly pajygaly hadysalaryň biri hökmünde häsiýetlendirdi. Rejep Taýyp Ärdoganyň bellemegine görä, türk halky köpçülikleýin garşylyk görkezmek arkaly ýurduň garaşsyzlygyny we konstitusion gurluşyny gorap saklady. Ol “15-nji iýuldaky garşylygyň dünýä demokratiýasynyň taryhynda deňi-taýy ýok” diýip belledi.

Türkiýäniň Prezidenti şol wakalardan soň döwlet edaralarynda gurluş özgertmeleriniň amala aşyrylandygyny, ýurduň içinde we daşynda terrorçylykly guramalara garşy göreşiň dowam etdirilendigini, şeýle hem “Türkiýe asyry” konsepsiýasynyň düzüm bölegi bolan “Terrorsyz Türkiýe” prosesiniň ýola goýlandygyny belledi.

Makalada soňky on ýylda Türkiýäniň ykdysadyýetde we tehnologiýa ulgamynda gazanan üstünliklerine hem üns çekilýär. Hususan-da, goranyş senagaty, awiasiýa, kosmos, energetika, ulag, saglygy goraýyş we oba hojalygy pudaklarynda amala aşyrylan taslamalar barada aýdylýar. Şeýle hem milli TOGG elektromobili, KAAN söweş uçary, milli korwetler we uçarmansyz uçuş enjamlary mysal hökmünde görkezilýär.

Rejep Taýyp Ärdogan Türkiýäniň soňky on ýylyň dowamynda sebit we dünýä derejesindäki dürli krizisleri çözmekdäki ornunyň has hem giňelendigini belleýär.

Türkiýäniň Prezidenti makalasynyň ahyrynda dünýäde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we abadançylygyň diňe terrorçylykly guramalara garşy tutanýerli hem-de eglişiksiz göreş alyp barmak, şeýle hem çyn ýürekden hyzmatdaşlyk etmek arkaly gazanylyp bilinjekdigini nygtady.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkiýäniň Demokratiýa we milli jebislik güni mynasybetli çäre geçirildi
Ankaranyň Administratiw sudy Alişer Sahatowdan 'G-82' çäklendiriji kodunyň aýrylandygyny tassyklady
Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýäniň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmazy kabul etdi
Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidentini kabul etdi
Hazarüsti gaz geçirijisi arzuwy täzeden janlanyp bilermi?