Türkiýäniň Sudana Ynsanperwer Kömegi Dowam Edýär

Türkiýäniň Sudana Ynsanperwer Kömegi Dowam Edýär

Tebigy betbagtçylyklary we adatdan daşary ýagdaýlary dolandyryş edarasynyň utgaşdyrmagynda iýul aýynda Sudana ugradylan ynsanperwer kömekleri Türk gyzyl ýarymaý jemgyýeti bilen Sudanyň gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň hyzmatdaşlyk etmeginde 13 welaýata ýetirildi.

Sudanyň gündogaryndaky Port Sudan şäherinde ýerlerinden mahrum edilenleriň bolýan merkezinde kömek paýlaýyş çäresi geçirildi.

Çärä Türkiýäniň Sudandaky İlçisi Fatih Ýyldyz, Türk Gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Halkara maksatnamalar we operasiýalar edarasynyň Afrika bölüminiň ýolbaşçysy Aleks-Žak Remy, Sudanyň gyzyl ýarymaý jemgyýetiniň Baş sekretary Aýda Seýýid Abdullah we ýerli ýolbaşçylar gatnaşdylar.

İlçi Ýyldyz X platformasyndan beren habarnamasynda; “Sudanyň çar tarapyndan öýlerinden jyda düşürilen adamlara türk doganlarynyň goldawyny we salamyny getirdik. Biz Hartuma olar hem öýlerine dolanyp barýançalar goldawymyzyň dowam etjekdigine söz berdik” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Sudanyň Özygtyýarlylyk Geňeşiniň Başlygynyň Orunbasary Agar Türkiýä Sagbolsun Aýtdy
Trendýol Super Liganyň 34-nji hepdesi tamamlandy
Türkiye Nebit Pudagynda Maksatnamalaryny Artdyrdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Ýaşlar Bilen Duşuşyk Geçirdi