"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"

"Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris"

Prezident Erdogan Prezidentiň kompleksiniň Sergiler zalynda Içeri işler, Žandarma we Kenarýaka howpsuzlyk gulluklarynyň wekilleri bilen agzaçarda duşuşyk geçirdi.

Erdogan terroryň syýasatdan ýokarda göz öňünde tutulmaly başga bir meseledigine ünsleri çekip: "PKK-dan başlap FETÖ, DAIŞ-den başlap DHKP/J-e çenli hiç hili tapawut goýmadan ähli terror guramalary milletimiziň duşmanydyr. Hökümet we döwlet hökmünde terrora garşy örän täsirli we üstünlikli göreş alyp bardyk, mundan soň hem alyp bararys" diýip habar berdi.

Türkiyäniň öz ýurdunda-da, daşary ýurtda-da terrorçylygy ýok etmek strategiýasynyň miwelerini alandyklaryny aýdan Prezident Erdogan, arakesmesiz operasiýalaryň saýasynda ekstremist terror guramasyny ýok etmek nokadyna gelendiklerini mälim etdi.

Prezident Erdogan: "Siriýadaky we Yrakdaky operasiýalarymyz bilen DAIŞ-i we PKK/ÝPG-ni terror guramalaryny serhetlerimizden uzaklaşdyrdyk. Eden bu oňyn ädimlerimizi nesip bolsa erjellik bilen dowam etdireris. Türkiyäniň we sebitiň geljeginde terroryň ýeriniň ýokdugyny hemmelere görkezmekde tutanýerlidiris" diýip nygtady.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Oraza baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmesini berdi
Terrora garşy göreşde soňky bir hepdede 38 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Erdogan: "PKK-nyň ortadan aýrylmagy Yragyň hem bähbidinedir" diýdi
Siriýada terrorçylaryň basyp alyşlygy astyndaky energiýa çeşmeleri
Prezident Erdoganyň Yraga Guran Sapary