Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlara edýän eksporty 4 aýda 35 milliard dollardan geçdi

Türkiýäniň ÝB-ne agza ýurtlara edýän eksporty 4 aýda 35 milliard dollardan geçdi

Türkiýäniň Eksportçylar Mejlisiniň görkezijilerine görä, Türkiýäniň eksporty üstümizdäki ýylyň birinji çärýeginde 2025-nji ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 3 göterim artyp 88 milliard 630 million dollara barabar boldy.

Ady agzalýan döwürde ÝB-ne agza ýurtlara edilen eksport 6,31 göterim artyp 35 milliard 225 million dollara barabar boldy.

Germaniýa eksport sanawynda 6 milliard 769 million dollar bilen birinji orny eýeledi.

Ýanwar-aprel aýlaryny öz içine alýan döwürde Germaniýa edilen eksport 7,2 göterim artyp 6 milliard 769 million dollara ýetdi.

Germaniýadan soň sanawda 4,5 million dollar bilen Italiýa ikinji, 3,5 milliard dollar bilen Ispaniýa üçünji, 3 milliard 484 million dollar bilen Fransiýa dördünji, 2 milliard 443 million dollar bilen Ruminiýa hem bäşinji orny eýeledi.

Ýene degişli makalalar

Gündogar Gara deňizden 115 ýurda 831 million dollarlyk önüm eksport edildi
Türkmen-täjik DIM-ara syýasy geňeşmeler geçirildi
Çaý Eksportundan 19,8 Million Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Ançous Eksportundan 12 Million 306 Müň 154 Dollarlyk Girdeji Gazanyldy
Gara deňizden amala aşyrylýan deňiz önümleriniň eksporty artýar
Ýaponiýaly hünärmenler bilen gümrük ulgamynda tejribe alşyldy