“Türkiýäniň Ýokary Hili Nebitini Gabarda Öndürmäge Başladyk”

“Türkiýäniň Ýokary Hili Nebitini Gabarda Öndürmäge Başladyk”

Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, daşky gurşawa utgaşykly ýagdaýda Türkiýäniň ýokary hili nebitini Şyrnagyň Gabar etrapçasynda öndürmäge başlandyklaryny aýtdy.

Ministr Alparslan Baýraktar, paýtagt Ankarada beren beýannamasynda gaýtadan işlenýän energiýa çeşmelerinden peýdalanýandyklaryny, şol bir wagtda nebit we tebigy gaz ýaly beýleki ýerli çeşmeleriň ykdysadyýete uly goşant goşmagynyň üstünde işleýändiklerini belledi.

Alparslan Baýraktar, “Daşky gurşawa utgaşykly ýagdaýda Türkiýäniň ýokary hili nebitini Şyrnagyň Gabar etrapçasynda öndürmäge başladyk. Günde ortaça 47 müň barrel nebit öndürýäris. Mundan başgada Gara deňizde Sakarýa tebigy gaz giňişliginde ortaça 2,6 million hojalyga ýeter ýaly tebigy gaz öndürmäge başladyk” diýildi.

Zonguldakda 170 kilometr çuňlykda tebigy gaz gözleg işleriniň dowam edýändiklerini aýdan Energetika we tebigi serişdeler ministri Alparslan Baýraktar, “Türkiýäniň energetika pudagy boýunça doly garaşsyz bolmagyny maksat edinýäris” diýip belledi.

Ýene degişli makalalar

Polat Gupbanyň Gurluşygy Dowam Edýär
Gara deňizdäki tebigy gazdan garaşylýan tamalar artdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Gara deňizde täze buraw işleri başlady
Prezident Erdogan Ministrler kabinetiniň mejlisinden soň beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Baýraktar, Gara deňizdäki tebigy gaz önümçiliginiň 6 million kub metrden geçendigini aýtdy