Türkiýe-Belgiýa gatnaşyklary pugtalanýar

Türkiýe-Belgiýa gatnaşyklary pugtalanýar

Türkiýäniň we Belgiýaly ministler çarşenbe güni paýtagt Ankarada möhüm duşuşyk geçirdi.

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan bilen Belgiýanyň Daşary işler ministri we Wise-premýeri Prewotözara duşuşyk geçirdi. Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar ähli taraplaýyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Beýleki tarapdan Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler hem Belgiýanyň Goranmak ministri Teo Franken bilen duşuşdy.

Ýaşar Güler myhman kärdeşini Goranmak ministrliginde resmi dabara bilen garşylady.

Iki kärdeş garşylama dabarasyndan soň özara duşuşyk geçirdi. Özara we toparlara gepleşikerden soň iki ýurduň arasynda ýagşy niýet hatynda gol çekişildi.

Gol çekişlik dabarasyna Türkiýe Respublikasynyň Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Haluk Görgün bilen Belgiýanyň Milli ýaraglanma gullugynyň başlygy Bernard Paleg gatnaşdy.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň Baş sekretary Mark Rutte Türkiýede saparda bolýar
Hakan Fidan: "Türkiye hökmünde biz indi her ugurda we her stolda bardyrys" diýdi
NATO Ukraina Goşmaça Howa Goranyş Ulgamyny Bermegi Meýilleşdirär
Halkara ulgam, uly ykdysady çökgünligi başdan geçirýän Müsüre goldaw berýär.
NATO Hem-de ÝB-ne Agza Ýurda Ýaragly Uçarmansyz Howa Ulagy Eksport Edildi
Russiýa Britaniýanyň Harby Attaşesini Ýurtdan Çykarar