
Turbageçirijiler bilen nebit transport paýdarlar jemgyýeti (BOTAŞ) bilen Azerbaýjanyň Döwlet nebit kärhanasy (SOCAR) we Azerbaýjanyň Gaz üpjünçilik kärhanasynyň arasynda, tebigy gaz üpjünçiligi we alyş-çalyş ylalaşygyna gol çekildi.
Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen 29-njy Halkara Hazar nebit we tebigy gaz sergisiniň çäginde, Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Alparslan Baýraktar bilen Azerbaýjanyň Ykdysadyýet ministri Mikaýyl Jabbarowyň gatnaşmagynda gol çekmek dabarasy geçirildi.
BOTAŞ dolanşyk geňeşiniň başlygy we baş müdüri Abdulwahit Fidan bilen Azerbaýjanyň Gaz üpjünçilik kärhanasynyň baş müdüri Lidýa Salahowa, 2024-nji ýylyň ahyrynda tamamlanjak tebigy gaz üpjünçilik ylalaşygynyň möhledini 2030-njy ýylyň ahyryna çenli uzadylmagyny öz içine alýan ylalaşyga gol çekdiler.
Abdulwahit Fidan mundan başgada SOCAR-yň başlygy Röwşen Nejef bilen tebigy gaz ibermek we alyş-çalyş bilen bagly 4 aýry ylalaşyga gol çekdi. Şol 4 ylalaşyk bilen Azerbaýjanyň tebigy gazy, Türkiyäniň üstaşyr Ýewropa we Azerbaýjana degişli Nehiçewan Awtonom Respublikasyna ugradylar.