Türkiýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi

Türkiýe Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda yzygiderli ylalaşygyň gazanylmagy üçin çagyryş etdi

Türkiýe Respublikasynyň Milli Goranmak ministrligi, Tähran bilen Waşingtonyň yzygiderli parahatçylygyň ýola goýulmagy we parahatçylyk gepleşikleriniň dowam etdirilmegi üçin tagalla etmegini umyd edýändigini mälim etdi.

Milli Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Zeki Aktürk penşenbe güni beren beýannamasynda, “Eýran bilen ABŞ-nyň wagtlaýyn ylalaşygyň yzygiderli ylalaşyga öwrülmegi we gepleşik etabynyň dowam etmegi üçin parasatly çemeleşmeklerini umyd edýäris. Sebitde durnuklylygyň we parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin ähli taraplaýyn goldaw bermäge dowam ederis” diýdi.

Aktürk mundan başgada dowam edýän gepleşik etabyna garamazdan Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümlerine we Ysraýylyň Gazadaky genosidi sebäpli çuňlaşýan ynsanperwer krizisine garşy halkara jemgyýetçiliginiň jogapkärçilikli hereket etmelidigini ýatlatdy.

Aktürk Milli Goranmak ministri Ýaşar Güleriň hepdäniň başynda Stambul şäherinde geçirlen SAHA 2026 goranyş sergisiniň çäginde somalili, kosowaly, keniýaly, kuweýtli, sudanly we estoniýaly kärdeşleri bilen duşuşandygyny, aktual sebitara we halkara meseleler hakynda pikir alyşandygyny belledi.

Ýene degişli makalalar

Eýran ABŞ-na blokadasyny aýyrmagy we Eýrandaky we Liwandaky uruşlary bes etmegi üçin möhlet berdi
Fidan bilen Arakçi togtap barýan ABŞ-Eýran parahatçylyk gepleşiklerini ara alyp maslahatlaşdylar
Rubio: “Tramp Türkiýede geçiriljek NATO-nyň liderler sammitine gatnaşar”
Arakçi Ysraýylyň Liwana guraýan hüjümleriniň bes edilmegini isledi
Eýran: Sebitiň howpsuzlygy, ABŞ-nyň bu ýerden çekilmegi bilen üpjün edilip bilner
Ysraýylly esger Gazada, Liwanda we Eýranda bäbekleri öldürendigini öwünmek bilen gürrüň berdi