Türkiýe Eýran söweşi meselesinde Pakistan bilen gepleşik geçirer

Türkiýe Eýran söweşi meselesinde Pakistan bilen gepleşik geçirer

Türkiýe Respublikasynyň Daşary işler ministri Hakan Fidan, Pakistanyň, Müsüriň, Saud Arabystanynyň we Türkiýäniň arasynda Ýakyn Gündogardaky söweş bilen arabaglanşykly gepleşikleriň hepdäniň ahyrynda Pakistanda geçirlip bilinjekdigini aýtdy.

Daşary işler ministri Hakan Fidan, “A Habar” kanalyna beren beýannamasynda “Pakistanly kärdeşim bilen Türkiýede duşuşyk geçirmegi meýilleşdiripdik. Emma Pakistanly kärdeşimiziň ýurdunda galmaly bolandygy üçin duşuşygyň Pakistanda geçirilmegine karar berdik” diýdi.

Ministr Fidan “Belki hepdäniň ahyrynda duşuşyp bileris” diýip belledi.

Daşary işler ministrine görä, 4 musulman ýurduň daşary işler ministri bir ýere jemlenşer.

Germaniýanyň Daşary işler ministri Wadephul anna güni beren beýannamasynda, ABŞ bilen Eýranyň ýakynda Pakistanda gepleşik geçirip biljekdigini mälim edipdi.

Tähran Waşington bilen resmi gepleşikleriň geçirlendigini kabul etmedi.

Eýranyň “Tasnim” habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Eýran söweşiň bes edilmegini maksat edinýän 15 maddalyk meýilnamasyny Pakistan arkaly ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampa gowşurdy.

Beýleki tarapdan Trampyň Ýakyn Gündogar boýunça ýörite wekili Stewe Witkof, anna güni beren beýannamasynda, Eýranyň ýakyn Gündogarda 1 aýdan bäri dowam edýän söweşiň bes edilmegi üçin şu hepde Waşington bilen gepleşik geçirjekdigine ynanýandygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Eýran ABŞ-nyň F-35 harby uçaryny urup düşürdimi?
Şamhani: Ukrainadaky krizis sapak bolup biler
Eýranyň wekili: Serdar Soleýmanyň terror edilmegi terrorçylyga garşy göreşe agyr zarba urdy
Eýranyň günortasynda güýçli ýer titreme boldy
Eýranda zamun krizisi başdan geçirildi
Owganystanda "beýt Al-Mukaddsesiň" nyşanynyň açylyşy