Türkiýe, Eýrana, Yraga we Pakistana Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi

Türkiýe, Eýrana, Yraga we Pakistana Parasatlylyk Çagyryşyny Berdi

Daşary işler ministrligi, sebitde başdan geçirilýän soňky wakalar hakynda ýazmaça beýannama berdi.

Beýannamada, “Yrakdaky käbir ýerlere Eýran tarapyndan guralan hüjüm bilen başlan, yzy ýanyndan Eýranyň Pakistanda käbir ýerleri nyşana almagy we Pakistanyň şu gün irden şol hüjümlere garşy Eýrana guran hüjümleri sebäpli ýagdaýyň dartgynlaşmagyna alada bildirýäris” diýildi.

Beýannamada, kynçylyklaryň BMG-nyň başda durmagynda halkara hukuk kadalaryna, ýurtlaryň özygtyýarlygyna we bitewiligine laýyklykda dostluk we doganlyk gatnaşyklaryna laýyklykda çözülmegine garaşylýandygy ýatladyldy.

Beýannamada ähli meseleleriň sebitiň durnuklylygyna wehim salmazdan gepleşik arkaly çözülmeginiň garaşylýandygy nygtaldy.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamada, “Dost we doganlyk ýurtlar Eýrana, Yraga we Pakistana parasatlylyk çagyryşyny berýäris. Türkiýe Respublikasy, düşnüşmezlikleriň parahatçylykly ýagdaýda çözülmegi üçin elinden geleni etmäge taýar” diýildi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi
25.12.2020 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Kös
Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
17.03.2020 | Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň döwlete dahylsyz ulgamy: innowasiýalara tarap ugur
15.03.2020 | Parasatly halk däpleri: pederlerimiziň tejribesiniň häzirki döwürde ulanylyşy