Türkiye Kolumbiýa gynanç bildirdi

Türkiye Kolumbiýa gynanç bildirdi

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Kolumbiýadaky ýer titremesi bilen baglanyşykly beren beýanatynda: "Ýer titremesinde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we Kolumbiýanyň halkyna gynanç bildirýäris we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny dileýäris" diýdi.

Türkiyäniň Daşary işler ministrligi Kolumbiýada bolup geçen ýer titremesi barada ýazmaça beýanat berdi.

Beýanatda Türkiyäniň Bogota şäherindäki ilçihanasynyň türk raýatlary bilen aragatnaşyk saklaýandygy we olaryň ýagdaýyny ýakyndan gözegçilik edýändigi bellenilip: "Şu gün Kolumbiýada bolan ýer titremesinde adam ýitgileri we maddy zyýan çekilmegi bizi çuňňur gynandyrýar. Ýer titremesinde ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we Kolumbiýanyň halkyna gynanç bildirýäris we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmagyny dileýäris" diýildi.

ABŞ-nyň Geologiýa gözegçiligi merkezi (USGS) Kolumbiýanyň günbataryndaky San Hose del Palmar şäherinden takmynan 5 kilometr gündogarda, 7,4 bal ululygynda ýer titremesiniň bolandygyny aýan etdi.

Beýanatda ýer titremesiniň ýeriň 107 kilometr aşagynda emele gelendigi barada maglumat paýlaşyldy.

Häzirki wagta çenli ýer titremesinde 132 adamyň ölendigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýada 7,4 bal ululygynda ýer titremesi boldy
Kolumbiýa ýer titremesinde ýogalanlaryň 265 adama ýetmeginden soň üç günlük milli ýas yglan etdi
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (2-nji bölüm)
'Zor bilen ýitirim edilenleriň ykbaly' hukuk bozulmalarynyň gerimini açyp görkezýär (3-nji bölüm)
Syýahatçylyk öňki derejesine gaýdyp geldi
Älemgoşar reňkli guş