Türkiýe Kongo Demokratik Respublikasyna gynanç bildirdi

Türkiýe Kongo Demokratik Respublikasyna gynanç bildirdi

Türkiýe Afrikada ýerleşýän Kongo Demokratik Respublikasynyň gündogarynda ýer süýşmesi sebäpli çekilen adam pidalaryna gynanç bildirdi.

Türkiýäniň Daşary işler ministrliginden ýekşenbe güni berlen beýannamada, Ankaranyň ýer süýşmesi sebäpli çekilen adam pidalaryna uly gynanç bildirýändigi nygtaldy.

Beýannamada “Apatda ýogalanlaryň hossarlaryna we Kongo Demokratik Respublikasynyň halkyna uly gynanç bildirýäris, ýaralananlara şypa dileýäris” diýildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň berýän habaryna görä, çarşenbe güni ýurduň Demirgazyk Kiwu sebitiniň Rubaýa Koltan magdan käninde ýer süýşmesi sebäpli 200-den gowrak adam ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

1/8 finala çykan toparlar belli boldy
Çärýek finalda çekeleşikli duşuşyklar garaşýar
Meýdançany terk etdiler, dolanyp geldiler we çempion boldular
M23 Pitneçileri Esasy Şäheri Alandan soň Kongoda Goşun Boýun Egdi
Kongonyň gündogarynda çaknyşyklar sebäpli ýanwar aýyndan bäri 7 müň adam öldi
Trampyň ABŞ-a girişi 'bölekleýin çäklendirýän' buýrugy Türkmenistanyň raýatlaryna hem degişli