Türkiýe Malide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiýe Malide guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Bandiagara sebitinde guralan terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 132 adamyň ýogalandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy habar berildi.

Beýanatda: "Bu elhenç hüjümi berk ýagdaýda ýazgarýarys, ýogalan adamlaryň dogan garyndaşlary bilen dostlukly we doganlyk Maliniň halkyna gynanç bildirýäris, ýaralanan adamlara bolsa şypa dileýäris" diýip mälim edildi.

Mali döwletiniň hökümeti tarapyndan düýn berilen beýanatda, 18-19-njy iýunda Bandiagara sebitindäki Bankass etrabynyň Dianweli, Diallassagou we Deguessagou obalaryna Magryp Al-Kaýda terror guramasyna bagly Katiba Majina terror guramasy tarapyndan hüjümiň guralandygy we terrorçylykly hüjümde asuda ilatdan 132 adamyň ýogalandygy habar berilipdi.

Maliniň Prezident Diwanyndan berilen beýanatda, hüjümde ýogalan adamlar üçin şu günden başlap 3 günüň dowamynda Milli ýas yglan edilendigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Bolliwudyň meşhur artisti Dharmendra aradan çykdy
Keniýada Bolan Uçar Heläkçiliginde 3 Adam Ýogaldy
Ilkinji ýeňişler, ilkinji ýeňlişler
Mali, Niger we Burkino Faso ýeke-täk pasport maksatnamasyny yglan etdi
Prezident Erdogan Malili Kärdeşi Goýta Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlşk Geçirdi
Hatibzadeh: ABŞ garaşylýan jogaplary bermedi