Türkiýe Olimpiadalarda

Türkiýe Olimpiadalarda

Türkiýe Respublikasynyň ilkinji gezek gatnaşan halkara guramaçylygynyň 1924-nji ýylda geçirlen Pariž olimpiadalarydygyny bilýäňizmi?

Dünýäniň iň uly halkara sport guramaçylyklaryndan biri bolan olimpiadalara Türkiýe Respublikasy resmi taýdan ilkinji gezek 1924-nji ýylda Parižde gatnaşýar.Täze gurlan Türk döwleti, dünýä derejesinde ykrar edilmek üçin olimpiadalary iň gowy propaganda ulgamlaryndan biri hökmünde görýär.

Milli azat edijilik söweşiniň yzy ýanyndan döwlet, ýeterlik serişdesiniň bolmandygyna garamazdan, futbol, göreş, atletika we welosiped ýaly ugurlarda 40 türgenini Pariže ugradýar.1936-njy ýylda geçirlen Tomuski olimpiadalarda Türkiýäniň toparynda ilkinji gezek türk zenan türgenler hem ýer alýar.

YY jahan urşunyň öňüsyrasynda Berlinde geçirlen 11-nji olimpiada oýunlaryna Türkiýe 2-si zenan 60 türgen bilen gatnaşýar we olimpiada taryhynyň ilkinji medallaryny hem Berlinde gazanýar.Olimpiada oýunlarynyň taryhynda baýrakly oruna mynasyp bolan ilkinji türk türgeni, erkin göreş boýunça bürünç medal alan Mersinli Ahmet Kireççi bolýar.

Grek-rim göreşi boýunça ýaryşan Ýaşar Erkan bolsa öz ugry boýunça Olimpiada çempiony bolýar.Bu ýeňiş bilen olimpiada oýunlarynyň taryhynda Türkiýe ilkinji altyn medalyna eýe bolýar. Çempionlyk habaryny alan Mustafa Kemal Atatürk “Özüň kiçi; emma ýurduň üçin uly iş etdin.

Adyň türk sport taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy.Köp ýaşa” diýip, milli türgene gutlag telegrammasyny ugratdy.

Türkiýe Respublikasynyň ilkinji ýyllaryndan başlap türk türgenleriniň, dünýäniň iň uly sport guramaçylygy bolan olimpiadalara gatnaşmagy, türk sport taryhy taýdan diýseň möhüm. Olimpiadalara gatnaşmak, türk spordynyň ösmegine itergi berýär. Mustafa Kemal Atatürkiň ýolbaşçylygynda gurlan Türkiýe Respublikasy ähli ugurda bolşy ýaly sporda berilýän goldaw bilen döwrebap döwletdigini görkezýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdoganyň 100-nji Ýyl Çykyşy
Türkiýäniň Ilkinji Astronawtynyň Emeli Hemra Ýolagçylygy Başlady
Atatürki Uly Hormat Bilen Hatyralaýarys
Döwlet Ýolbaşçylary Atatürkiň Aramgähine Bardy
Atatürküň Aramgähine 1 Million 182 Müň 425 Adam Baryp Gördi
Resmiler Respublika baýramy mynasybetli gutlag ýüzlenmelerini çap etdiler