Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi

6-njy dekabrda paýtagtymyzda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň 10-njy sergisi açyldy, şeýle hem Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi we işewürlik maslahaty geçirildi.

Gözden geçirilişe gatnaşmak üçin Türkiýäniň döwlet düzümleriniň wekillerinden ybarat uly topar, ýurdumyz bilen netijeli hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge gyzyklanma bildirýän kompaniýalaryň we hususy kärhanalaryň 100-e golaýynyň ýolbaşçylarydyr hünärmenleri Aşgabada geldiler. Öz mümkinçiliklerini we öňdebaryjy tehnologiýalaryny Türkmenistanda ilkinji gezek tanyşdyrýan kompaniýalar sergä gatnaşyjylaryň agramly bölegini düzýär.

Olaryň köpüsi ýurdumyzyň köpugurly ykdysady kuwwaty barada oňat habarlydyrlar we hyzmatdaşlygy giňeltmegi maksat edinýärler.

Serginiň açylyş dabarasyna Hökümet agzalary, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de işewürler gatnaşdylar.

Ýygnananlar hormatly Prezidentimiziň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Onda Türkiýäniň kompaniýalary türkmen hyzmatdaşlary bilen ysnyşykly iş alyp barmak bilen, ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda bilelikdäki birnäçe taslamalary üstünlikli amala aşyrýarlar we işewürlik ulgamynda netijeli hyzmatdaşlygy giňeldýärler diýlip bellenilýär.

Forumyň açylyş dabarasynda çykyş eden türk wekiliýetiniň ýolbaşçysy, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz Türkmenistanda maýa goýumlaryň möçberini artdyrmak we gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek arkaly, Türkiýäniň ýurdumyzyň ösüşine goşant goşmaga taýýardygyny mälim etdi.

6-8-nji dekabr aralygynda geçirilýän sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy — senagat we oba hojalyk pudaklary üçin enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar, gurluşyk serişdeleri, hojalyk we elektronika tehnikalary, öý hojalyk harytlary, dokma önümleri görkezilýär.

Sergä gatnaşyjylaryň hatarynda elektrik energetika enjamlaryny öndürmäge ýöriteleşen Elte Pano, Hasçelik Kablo, ýangyn söndüriji enjamlary öndürýän Duyar Vana Makina, gurluşykda öňdebaryjy Rönesans, Gap Inşaat ýaly kompaniýalar bar.Gurluşyk serişdeleri bölüminde penjireleri we gapylary öndürýän Çelik Kapi, Emka Metal Çelik, diwarlar we üçekler üçin izolýasiýa serişdelerinden taýýarlanylan panelleri öndürýän Assan Panel hem-de profilleri öndürýän Hilal Alüminium kompaniýalary bar.

A.O.Smith kompaniýasynyň diwarlygy suw üpjünçilik, lagym we suwaryş, agyz suwy minerallaşdyrmak ulgamlary bilen tanyşdyrýar.Ahi carrier fzc, Frigo Mekanik, Aldag kompaniýalary sowadyjylary we azyk önümlerini saklamak hem-de doňdurmak üçin tehnikalary görkezýär.

Sergä ilkinji gezek gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda ýyladyşhana toplumlary üçin enjamlarydyr düzümleri öndürmäge we ibermäge ýöriteleşen kompaniýalaryň bardygyny hem bellemelidiris.Bu ýerde Sera marketim, Dagdelen, Mehmet Özen hususy kärhanalary ilkinji gezek önümlerini görkezýärler.

Feta, Interlab Lab. Ürünleri we Dogrular Ev Ürünleri kompaniýalary çagalar baglaryny hem-de mekdepleri, ýaşaýyş jaýlaryny enjamlaşdyrmak ulgamynda teklipleri bilen çykyş edýärler. Ýurdumyzda meşhurlykdan peýdalanýan öý hojalyk tehnikalaryny we aşhana enjamlaryny öndürijileriň diwarlyklary sergä gelýänlerde uly gyzyklanma döredýär.

Olar sowadyjylaryň, egin-eşik ýuwujy maşynlaryň, bug peçleriniň, suw gaýnadyjylaryň we gyzdyryjylaryň, elektrik enjamlaryň hem-de beýlekileriň iň täze görnüşlerini öz içine alýar.

Dokma önümleriniň diwarlygy diňe bir türk öndürijileriniň kuwwatlyklaryny, öndürilýän önümleriň baý görnüşlerini we aýratynlyklaryny açyp görkezmäge giň şertleri döretmek bilen çäklenmän, eýsem, türkmen hyzmatdaşlary bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga-da mümkinçilik berdi.

Ýöriteleşdirilen sergi köp ýyllardan bäri türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen forum ösüş mümkinçiliklerini, bäsdeşlige ukyplylygy ýokarlandyrmaga, kärhanalary tehnologik taýdan döwrebaplaşdyrmaga, iň häzirki zaman önümçiliklerini kemala getirmäge esaslanýan türkmen ykdysadyýetiniň esasy pudaklarynyň binýadynda maýa goýum-innowasiýa hyzmatdaşlygynyň geljegini hasaba almak bilen, işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär.

Köp sanly gatnaşyjylar — kompaniýalaryň we degişli pudak edaralarynyň, hususy işewür düzümleriň wekilleri türk öndürijileriniň sergide görkezýän önümleriniň görnüşleri, işläp taýýarlamalary bilen ýakyndan tanyşdylar.

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisine Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, Türkiýe Respublikasynyň wise-prezidenti Jewdet Ýylmazyň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen wekilçilikli topar gatnaşdy.

Mejlisiň barşynda oňa gatnaşyjylar iki ýurduň ykdysady mümkinçilikleri, sebit we köptaraplaýyn meseleler, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň altynjy mejlisiniň Teswirnamasy esasynda kabul edilen iş meýilnamasynda göz öňünde tutulan çäreleriň durmuşa geçirilişi bilen tanyşdylar.

Hökümetara türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisiniň çäklerinde energetika ulgamynda Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek bilen baglanyşykly meseleleriň giň toplumyna garaldy. Hususan-da, taraplar türkmen tebigy gazyny Türkiýä ibermegiň mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistandan tebigy gazy Eýranyň üsti bilen Türkiýä ibermek taslamasynyň ähmiýeti nygtaldy.

Şunuň bilen birlikde, türkmen tarapynyň soňky ýyllarda döreden gaz infrastrukturasy Türkmenistana öz tebigy gazyny günbatar ugry boýunça uly möçberde ibermäge giň mümkinçilik berýär. Beýan edilenlerden ugur alnyp, ýokarda ady agzalan taslamanyň geljeginiň uludygy bellenildi we taraplar ýakyn wagtda ugurdaş edaralaryň, kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň derejesinde gepleşikleri geçirmäge girişmegi ylalaşdylar.

Türkmenistanyň hem-de Türkiýäniň köpasyrlyk ýakyn gatnaşyklara üýtgewsiz ygrarlydyklaryny beýan edip, toparyň agzalary geljegi uly ähli ugurlarda hyzmatdaşlygy diwersifikasiýalaşdyrmak boýunça anyk ädimleri bellediler. Toparyň mejlisiniň netijeleri boýunça degişli Teswirnama gol çekildi.

Şeýle hem şol gün Türkmen-türk işewürlik maslahaty geçirildi. Onda çykyş edenler maslahatyň uzak möhletleýin esasda guralýan däp bolan hyzmatdaşlygy giňeltmek we çuňlaşdyrmak üçin täze mümkinçilikleri açýandygyny nygtadylar. Işewürlik maslahatynyň çäklerinde türkmen we türk işewürleriniň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda möhüm ädim ätmekde uly mümkinçilikleri döretjek resminamalara gol çekildi.

Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň wekilleriniň türk kärdeşleri bilen geçiren ikitaraplaýyn duşuşyklarynda bilelikdäki taslamalar, özara hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary giňişleýin ara alnyp maslahatlaşyldy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi öz işine başlady
Türkmen-türk toparynyň ýedinji mejlisi geçirildi
Türkmen wekiliýeti Özbegistanyň maýa goýum mümkinçilikleri bilen tanyşar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz Uganda-da Saparda Bolýar