Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiye Russiýada guralan terrorçylykly hüjümi ýazgardy

Türkiyäniň Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Moskwadaky hüjümde köp sanda adamyň ýogalandygy we ýaralanandygy baradaky habaryň uly gynanç bilen alynandygy aýan edildi.

Beýanatda: "Bigünä asuda ilaty nyşana alan bu aýylganç terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys. Rus halkyna we Russiýanyň hökümetine çuňňur gynanç bildirýäris" diýip habar berildi.

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş hem Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde konsert zalynda asuda ilaty nyşana alan terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

TBMM-niň başlygy Numan Kurtulmuş: "Moskwadaky bigünä raýatlary nyşana alýan aýylganç terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýaryn we rus hökümetine we rus halkyna gynanjymy bildirýärin" diýip beýan etdi.

Wise-prezident Jewdet Ýylmaz hem terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Jewdet Ýylmaz sosial mediadan beren beýanatynda: "Dünýäniň niresinde guralsa guralsyn, kim gurasa gurasyn bigünä adamlary nyşana alýan terrorçylyk, adamzada garşy jenaýatdyr. Ýogalan adamlaryň maşgalalaryna we rus halkyna gynanç bildirýärin we ýaralananlaryň tiz wagtda sagalmaklaryny dileg edýärin" diýip belledi.

Daşary işler ministri Hakan Fidan rus kärdeşi Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş bolup, Moskwada guralan terrorçylykly hüjüm bilen bagly gynanç bildirdi.

Hakan Fidan Sergeý Lawrowa Türkiyäniň Moskwadaky terrorçylykly hüjümi ýazgarýandygyny belläp, rus halkyna we hökümetine Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň we türk halkynyň duýgudaşlyk ýüzlenmelerini ýetirdi.

Adalat we ösüş partiýasynyň başlygynyň orunbasary we partiýanyň metbugat geňeşçisi Ömer Çelik hem terrorçylykly hüjümi ýazgardy.

Ömer Çelik sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Rus halkynyň gam-gussasyny paýlaşýarys" diýip nygtady.

Türkiyäniň Moskwa şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Tanžu Bilgiç hem terrorçylykly hüjüm bilen baglanşykly X sosial media hasabyndan beren beýanatynda: "Moskwada bigünä asuda ilaty nyşana alan terrorçylykly hüjümi berk ýazgarýarys, Russiýanyň halkyna we rus hökümetine çuňňur gynanç bildirýäris" diýip habar berdi.

Düýn Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde Krokus Siti Holl atly konsert zalyna ýaragly adamlar tarapyndan hüjüm guralypdy.

Sosial mediada görkezilen materiallarda hüjümçileriň zalda çem gelen ýere ot açandyklaryny, Russiýanyň Federal Howpsuzlyk gullugy terrorçylykly hüjümde ilkinji kesgitlemelere görä 40 adamyň ýogalandygyny, Russiýanyň Saglygy goraýyş ministri Mihail Muraşko 60-synyň ýagdaýy agyr bolmak bilen 115 adamyň ýaralandygyny habar beripdiler.

Russiýanyň Derňew komitedi Moskwadaky terrorçylykly hüjümde 60-dan gowrak adamyň ýogalandygyny, ýogalanlaryň sanynyň artyp biljekdigini mälim etdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk resmiler Hamasyň Syýasy býurosynyň başlygy Ismail Heniýýä gynanç bildirdiler
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"TRT World Forum 2023" başlaýar
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz terrora garşy göreş barada beýanat berdi
Wise-prezident Jewdet Ýylmaz DKTR-da saparda bolýar