Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi Geçirildi

Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi Geçirildi

Daşary işler ministri Hakan Fidan Nsosial media hasabyn- arkaly Türkiýe-Saud Arabystany Utgaşdyryjy Geňeşiniň Üçünji Mejlisi barada maglumat berdi.

Fidan Saud Arabystanynyň daşary işler ministri Faýsal bin Farhan bilen mejlise ýolbaşçylyk edendigini we degişli ministrlikleriň hem-de edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda söwda, energetika, goranmak, bilim, medeniýet, syýahatçylyk we ulag ýaly strategik ugurlardaky toparlaryň işini seljerip, özara gatnaşyklary ara alyp maslahatlaşandyklaryny aýtdy.

Fidan esasanam Gaza meselesi hakda pikir alyşylan mejlisiň çäginde "Diplomatik we hususy pasport eýeleriniň wyza borçnamalaryndan özara boşadylmagy hakyndaky ylalaşyga" gol çekişendiklerini mälim etdi.

Ministr Fidan ylalaşygyň iki ýurt üçin hem düşümli bolmagyny arzuw etdi we Bin Farhana hem-de onuň wekiliýetine sapary üçin minnetdarlyk bildirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Eýran söweşiniň bes edilmegi üçin uly tagalla edýär
Hakan Fidan rus we saud kärdeşleri bilen Ýakyn Gündogardaky meseleleri maslahatlaşdy
Ministr Fidan Er-Riýadda möhüm duşuşyklar geçirdi
Başar Asad Moskwada Saparda Boldy
Eýran Bilen Saud Arabystanynyň Arasyndaky Gtanaşyklar 7 Ýyl Soň Kadalaşdy
Eýran Bilen Saud Arabystanynyň Arasyndaky Ylalaşyk Sebitde Kanagatlanma Döretdi